Abadan ýaşaýşyň binýady

11 Fewral 2023
393

Eziz Diýarymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän 2023-nji ýyl dünýä derejesinde «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edildi. Bu başlangyç, elbetde, halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjy öňe sürýän we ony işjeň ilerledýän Bitarap Türkmenistana degişlidir. 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç häzirki şertlerde örän möhümdigi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, özbaşdaklyga hormat goýmak, serhetleriň mizemezligi ýaly milli ýörelgeleriň ajaýyp sypatlaryny öz içine alýar. Ol halkara harby bileleşiklere hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk, dini ynançlara hormat goýmak, açyklyk, gepleşikler arkaly tutuş taryhyň dowamynda ýüze çykan has çylşyrymly meseleleri çözmäge taýýarlyk düşünjelerini hem özünde jemleýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Biz bu ýoly, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap aldyk. Şonuň bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ähli doganlyk halklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutduk. Ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge we belent hem-de ajaýyp işi durmuşa geçirmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek isledik» diýip belleýär. Bu günki gün Bitaraplyk syýasatynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň daşary syýasy mümkinçilikleriniň giňelmegine, köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň düýpli işjeňleşmegine hem-de hil taýdan kämilleşmegine ýardam berýär. Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy bolsa halkara giňişlikde ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar.

Oguljennet JUMALYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.