Dostluk daragty gülleýär

10 Fewral 2023
539

Özbegistan Respublikasyndan biziň ýurdumyza tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen awtoulaglar gelip gowuşdy

Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary birek-birege hormat we sarpa goýmak, netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek arkaly täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Muny Özbegistan Respublikasyndan biziň ýurdumyza tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen awtoulaglaryň gelip gowuşmagy hem tassyklaýar. «Volkswagen» kysymly «Tiz kömek» awtoulaglarynyň uzyn kerweni Daşoguz welaýatynda guramaçylykly garşylanyldy. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, lukmançylyk maksatly täze awtoulaglara ak un sepildi hem-de üzärlik tütedilip, alajalar daňyldy.

"Nesil".