Hoşniýetli goňşuçylyga, dostlukly ýörelgelere ygrarlylyk

9 Fewral 2023
612

Şu ýyl Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Geçen taryhy döwrüň dowamynda türkmen-özbek döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürildi we hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy. Bu şanly senäniň bellenilen gününde — 7-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda-da ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany birek-biregi Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Taraplaryň umumy pikirine görä, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary birek-birege hormat we sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň, deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňegidişlige we ösüşe tarap ymtylýan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň syýasy ulgamdaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesi aýratyn bellenildi.