Yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­lyk

12 Fewral 2023
489

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­syn­da ta­ry­hy, me­de­niýeti ba­bat­da köp umu­my­lyk­la­ra eýe bo­lan arap ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň bi­ri hem Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­kyn Gün­do­gar döw­let­le­ri, şol san­da BAE ýa­ly arap dün­ýä­si­niň ab­raý­ly hem-de yk­dy­sa­dy taý­dan ösen ýur­dy bi­len gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­gi Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Soň­ky ýyl­lar­da BAE bi­len dost­luk gat­na­şyk­lar has-da ber­ke­ýär. Türk­men-emir­lik­ler gat­na­şyk­la­ry­nyň dep­gin­li ös­dü­ril­me­gi­ne ýo­ka­ry de­re­je­de yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän, yna­ma esas­la­nan sy­ýa­sy gep­le­şik­ler ýar­dam ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň ge­çen ýy­lyň 21-22-nji no­ýab­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­sin­de ama­la aşy­ran il­kin­ji res­mi sa­pa­ry gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ta­ry­hy­nyň al­tyn sa­hy­pa­la­ry­nyň bi­ri­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň şol res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy­na we beý­le­ki mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň 12-si­ne gol çe­ki­len­di­gi­ni, şol res­mi­na­ma­la­ryň bi­ri­niň hem Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty bi­len An­war Gar­gaş adyn­da­ky Dip­lo­ma­tik aka­de­mi­ýa­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­mek ge­rek.

Ogul­maý­sa AMAN­MU­HAM­ME­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.