Daşoguz welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň mejlisler jaýynda welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher Geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Özbek-türkmen dost-doganlyk gatnaşygynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ony öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek bilen baglanyşykly işleri hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Özbegistandan Türkmenistana «Tiz kömek» awtoulaglarynyň iberilmegi iki ýurduň dostlukly gatnaşygynyň oňyn netijesidir.