"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Dubaý forumy: maksat — maýadarlary çekmek we tagallalary birleşdirmek

26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 300 töweregi wekiliň gatnaşmagynda hem ýüzbe-ýüz, hem onlaýn görnüşde geçirilen forum türkmen ykdysadyýetiniň binýadyny düzýän nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmegiň, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guralan göçme forum döwlet düzümleriniň, dünýäniň iri kompaniýalarynyň, akademiki we işewür toparlaryň wekillerinde aýratyn gyzyklanma döretdi. Özüniň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini bütin adamzadyň hyzmatynda goýýan Türkmenistan energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny yzygiderli berkitmäge çalyşýar. Şoňa görä-de, forumyň plenar mejlisi ýurdumyzyň geljekde ählumumy energetika bazarynda eýelejek ornuna bagyşlandy.

Ýurdumyzda giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär

3-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara maslahatda möhüm meselelere garaldy

Düýn günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat öz işine başlady. Onda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň alymlary, bilermenler, işewürler çykyş etdiler. Maslahatda onlaýn görnüşdäki çykyşlara hem orun berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, halkara maslahatyň esasy wezipesi ulag we logistika ulgamyny ösdürmek üçin bilim-tejribe alyşmakdan, täzeçil çemeleşmeleri, çözgütleri öňe sürmekden ybaratdyr. Şunda ulag düzümine tehniki hyzmatyň hilini gowulandyrmak, ulag ulgamyna halkara goldawyň gerimini giňeltmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşyjy myhmanlar awtobana we Türkmenbaşydaky deňiz portuna baryp görerler

4-nji maýda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat öz işini ugurdaş mejlisler arkaly dowam eder. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, halkara maslahat we sergi öz işini tamamlandan soňra, oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugry we Aşgabadyň Halkara howa menzili boýunça gezelençler guralar. Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar Türkmenbaşy şäherinde bolup, Halkara deňiz portuna baryp görerler hem-de ýokary halkara talaplara doly laýyk gelýän häzirki zaman desgalar toplumynyň ägirt uly üstaşyr ulag kuwwaty bilen tanşarlar.

Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş

Ýurdumyzda giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň dostluk we hoşniýetlilik esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan dünýäde mynasyp orun eýeledi. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berýär. Halkara meýdançada ýurdumyz açyk, işjeň, maksada okgunly we netijeli häsiýete eýe bolan daşary syýasaty alyp barýar. Munuň özi döwletimize derwaýys halkara meseleleriň ähli ugurlary boýunça öňdengörüjilikli syýasaty alyp barmaga, öňden gelýän we täze hyzmatdaşlary bilen netijeli gepleşikleri işjeňleşdirmäge, ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan bilen Demirgazyk Amerika yklymynyň kuwwatly ýurdy hasaplanýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Golaýda 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horstyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen bu gepleşiklerde taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilelikdäki wezipeleri we ýeten üstünlikleri barada pikir alyşmak, şeýle-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrma

Ulag diplomatiýasy rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag-üstaşyr geçelgeleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek boýunça iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň üns-aladalary netijesinde, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamy iň öňdebaryjy ykdysady pikir-garaýyşlardan ugur alýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly hem-de 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýalaryň, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hem doly tassyklaýar. Garaşsyz ýurdumyzyň guran ilkinji halkara ulag taslamasy Tejen — Sarahs — Maşat halkara demir ýoludyr. Bu iri taslama demir ýol ulgamynda täze, örän uly işleriň başlangyjy boldy. Çünki ol Merkezi Aziýa döwletlerine Pars a

Bagta rowan menziller

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralýan, ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýän bu halkara derejeli forum döwletimiziň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini düýpli öwrenmekde we mundan beýläk hem giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Halkara gatnaşyklaryndaky köňüldeşlik

Heňňam döräli bäri, türkmenler diňe bileleşip ýaşamagyň, agzybir bolmagyň, bir maksada gulluk etmegiň netijesinde ädilen ädimleriň şowlulyga, üstünlige ýetirjekdigine, ýaşaýşyň ähli döwürlerinde rowaçlyga ýar etjekdigine düşünipdirler. Şol beýik düşünjäniň netijesinde, dünýä halklary bilen dostlaşmaga, ysnyşykly gatnaşykda bolmaga tüýs ýürekden isleg bildiripdirler. Türkmen taryhyna ser salanyňda hem, şeýle dost-doganlygyň, parahatçylygyň, bilelikdäki ösüşiň hatyrasyna bitirilen işleriň ummasyzdygy äşgär bolýar. Bu hakykat öňem, häzirem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanylýar. Dünýä çykmak, dünýä bähbitli beýik işlere dahylly bolmak uly bagt. Halkara we dünýä derejesindäki oňyn başlangyçlara öz şahsy goşandyny goşmak her ýurduň, berkarar döwletiň arzuwydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz şu jähetden Hak tarapyn ýalkanan ýurtdur. Oňyn daşary syýasaty arkaly umumadamzat bähbidini nazarlaýan ata Watanymyz öz behişdi goýnundan dünýä sary dost-doganlyk goluny, dostana ýoluny uzadýar. Bu sözlerimiziň aýdyň delilnamasy ýakyn günlerde bolup geçen işleriň mazmunynda hem görünýär.

Türkmenistan — Germaniýa: Köpýyllyk hyzmatdaşlyk. Anyk maksatlar. Täze gözýetimler

Şu ýylyň 25 — 28-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Maksady türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolan saparyň dowamynda aýry-aýry ugurlar boýunça netijeli gepleşikler geçirildi, özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri babatda ileri tutulýan garaýyşlar mälim edildi. Ýewropa yklymynyň ýüreginde — Merkezi Ýewropada ýerleşýän Germaniýa Federatiw Respublikasy sebitiň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanýar. Senagatyňdyr tehnologiýalaryň käbir pudaklarynda ýeten ägirt uly ösüş derejesi bilen baglylykda, bu ýurt dünýäde harytlary eksport we import etmekde üçünji orny eýeleýär. Durmuş üpjünçiligini, saglygy goraýşyň ählitaraplaýyn ulgamyny, daşky gurşawy goramagy goldamagy hem-de ýaşaýjylar üçin ýokary bilimiň mugt bolmagy Germaniýanyň durmuş derejesi örän ýokary döwletleriň birine öwrülmegini şertlendirýär. Bilermenler ykdysadyýetde senagatyň we eksportyň paýynyň ýokary bolmagyny, onuň açyklygyny, kiçi we orta telekeçiligiň öndürijilik güýjüni, giň gerimli ýarmarkalary geçirmek üçin amatly mümkinçiligini hem-de iri ykdysady merkezleri özünde jemleýändigini german ykdysadyýetiniň kuwwatyny düzýän görkezijiler hasaplaýarlar. Maglumatlara görä, Germaniýa diňe geçen ýylyň dowamynda umumy bahasy 1,576 milliard ýewro deň bolan harydy eksport etdi..

Hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny, hoş­ni­ýet­li, öza­ra peý­da­ly iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry, mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­ýän döw­let hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan ýur­du­myz dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ýö­red­ýär, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär. Şun­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň kuw­wat­ly ýur­dy ha­sap­lan­ýan Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­ga-da aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Go­laý­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ABŞ-a ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry hem deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan türk­men-ame­ri­kan hyz­mat­daş­ly­gy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek­de mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­di. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp ugur­la­ry bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lyp, aý­ry-aý­ry ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek bi­len bag­ly anyk tek­lip­ler be­ýan

«Asmandan inen ykbal»

Ahalteke bedewi türkmen halkynyň taryhy, gündelik durmuşy bilen jebis baglanyşyklydyr. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen dünýäde owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri barada grek alymy Gerodotyň biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrlarda, gadymy taryhçy alymlaryň biri Appianyň biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda Gündogarda Nusaý atly ýurtda kuwwatly şalara mynasyp ajaýyp, gözel atlaryň gezýändigini bellemekleri-de, ýeterlik subutnamadyr. Ajaýyp arheolog, professor W.I.Sarianidiniň tapyndylary bolsa, ahalteke bedewleriniň biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllygyň birinji ýarymynda ilki türkmenlerde eldekileşdirilendiginden habar berýär. Taýçanak dünýä inende buşlanmagy, oňa at dakylmagy, atlaryň nesliniň yzarlanmagy bedew atlar barada aýdylanlaryň üstüni ýetirýär. Şonuň üçinem biziň halkymyz ahalteke bedewlerine buýsanç bilen seredipdirler, olary kümüşdir altyn we beýleki şaýlar bilen bezäpdirler. Türkmenler bedew atlary bilen şöhratlanypdyrlar.

Aşgabat ulag ulgamy boýunça halkara foruma we sergä taýýarlanýar

Aşgabatda 3-4-nji maýda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda geçiriljek çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hünärmenleri azerbaýjanly we gyrgyzystanly kärdeşleri bilen ýük dolanyşygynyň artyşyny ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri awtoulag boýunça Bilelikdäki komissiýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde özleriniň azerbaýjanly kärdeşleri bilen ýük daşamalaryň artmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatlaşma onlaýn görnüşinde geçdi. Onda şeýle hem iki edaranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meselelere hem deglip geçildi - diýip, agentligiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistan Aziýada ulag ulgamyny özgertmek boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri Demirgazyk we Merkezi Aziýada demir ýollaryň we multimodal daşamalaryň sanly transformasiýasy boýunça bilermenleriň Ikinji maslahatyna gatnaşdylar, onuň barşynda taraplar howpsuz, durnukly we elýeterli ulag daşamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çäre Almatada, Gazagystanda geçdi. Şeýle ulag torlarynyň döredilmegi Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatynda Gün tertibini ýerine ýetirmegiň meýilnamalaryna gabat gelýär.

Türkmenistan — ABŞ: özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda sözlän sözünde: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýmek bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy daşary syýasatymyzyň strategik wezipesi hökmünde kesgitledi. Bu babatda Demirgazyk Amerika yklymynyň kuwwatly ýurdy hasaplanýan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyga-da aýratyn orun degişlidir. Golaýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň ABŞ-a amala aşyran iş sapary hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylyp, aýry-aýry ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen bagly anyk teklipler beýan edildi.

Türkmen-german hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda Germaniýanyň Atçylyk toplumynda bolup, onda idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy. Ýurdumyzda şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilişiniň, seýislenilişiniň milli usullary barada gürrüň berdi. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, atçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.

Atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk türkmen-german gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi. Olarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, özara tejribe alyşmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň Atçylyk toplumynda bolup, onda idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy we ýurdumyzda şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň milli usullary barada gürrüň berdi. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, atçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.

2027-nji ýyla çenli Azerbaýjan Ýewropa bazaryna tebigy gazyň eksportyny iki esse artdyrar

Ýakynda Azerbaýjanyň Hökümeti bilen Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolan Bolgariýanyň «Bolgartransgaz», Rumyniýanyň «Transgaz», Wengriýanyň «FGSZ» we Slowakiýanyň «Eustream» gaz geçiriji ulgamlarynyň (GTS) operatorlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky özara düşünişmek memorandumyna gol çekildi. Bu barada Azerbaýjanyň apa.az habarlar gullugy habar berdi. Häzirki wagtda Azerbaýjanyň tebigy gazy Türkiýä, Gresiýa, Bolgariýa, Italiýa eksport edilýär. Ýurtda şu ýylyň ahyryna çenli, zerur bolan gaz geçirijileriň ýola goýulmagy netijesinde, Wengriýa we Slowakiýa gaz iberip başlamak göz öňünde tutulýar.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­da sa­par­da bol­dy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de türk­men-ger­man gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li ös­dür­mä­ge, hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Olar­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň, öza­ra tej­ri­be alyş­ma­gyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sa­pa­ryň do­wa­myn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň At­çy­lyk top­lu­myn­da bo­lup, on­da ide­dil­ýän at­la­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy we ýur­du­myz­da şöh­ra­ty dün­ýä do­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň, se­ýis­le­me­giň mil­li usul­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di. Şun­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň, at­çy­lyk pu­da­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re üns be­ril­di.