Halkara gatnaşyklaryndaky köňüldeşlik

3 Maý 2023
358

Heňňam döräli bäri, türkmenler diňe bileleşip ýaşamagyň, agzybir bolmagyň, bir maksada gulluk etmegiň netijesinde ädilen ädimleriň şowlulyga, üstünlige ýetirjekdigine, ýaşaýşyň ähli döwürlerinde rowaçlyga ýar etjekdigine düşünipdirler. Şol beýik düşünjäniň netijesinde, dünýä halklary bilen dostlaşmaga, ysnyşykly gatnaşykda bolmaga tüýs ýürekden isleg bildiripdirler. Türkmen taryhyna ser salanyňda hem, şeýle dost-doganlygyň, parahatçylygyň, bilelikdäki ösüşiň hatyrasyna bitirilen işleriň ummasyzdygy äşgär bolýar. Bu hakykat öňem, häzirem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanylýar.

Dünýä çykmak, dünýä bähbitli beýik işlere dahylly bolmak uly bagt. Halkara we dünýä derejesindäki oňyn başlangyçlara öz şahsy goşandyny goşmak her ýurduň, berkarar döwletiň arzuwydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz şu jähetden Hak tarapyn ýalkanan ýurtdur. Oňyn daşary syýasaty arkaly umumadamzat bähbidini nazarlaýan ata Watanymyz öz behişdi goýnundan dünýä sary dost-doganlyk goluny, dostana ýoluny uzadýar. Bu sözlerimiziň aýdyň delilnamasy ýakyn günlerde bolup geçen işleriň mazmunynda hem görünýär.

Ýörite habarçymyz.