Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

3 Maý 2023
374

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň dostluk we hoşniýetlilik esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan dünýäde mynasyp orun eýeledi. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berýär. Halkara meýdançada ýurdumyz açyk, işjeň, maksada okgunly we netijeli häsiýete eýe bolan daşary syýasaty alyp barýar. Munuň özi döwletimize derwaýys halkara meseleleriň ähli ugurlary boýunça öňdengörüjilikli syýasaty alyp barmaga, öňden gelýän we täze hyzmatdaşlary bilen netijeli gepleşikleri işjeňleşdirmäge, ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan bilen Demirgazyk Amerika yklymynyň kuwwatly ýurdy hasaplanýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Golaýda 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horstyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen bu gepleşiklerde taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilelikdäki wezipeleri we ýeten üstünlikleri barada pikir alyşmak, şeýle-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak üçin oňyn esas bolup durýandygyny bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylar, şeýle hem Merkezi Aziýa we ABŞ üçin C5+1 formatyndaky sebit derejesindäki diplomatik dialogy goldaýandyklaryny tassykladylar. Hususan-da, howpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Munuň özi köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar 2024-nji ýylda geçiriljek ikitaraplaýyn geňeşmeleriň indiki tapgyryny Aşgabatda geçirmek barada ylalaşdylar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.