Ulag diplomatiýasy rowaçlanýar

3 Maý 2023
512

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag-üstaşyr geçelgeleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek boýunça iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň üns-aladalary netijesinde, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamy iň öňdebaryjy ykdysady pikir-garaýyşlardan ugur alýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly hem-de 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýalaryň, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi hem doly tassyklaýar.

Garaşsyz ýurdumyzyň guran ilkinji halkara ulag taslamasy Tejen — Sarahs — Maşat halkara demir ýoludyr. Bu iri taslama demir ýol ulgamynda täze, örän uly işleriň başlangyjy boldy. Çünki ol Merkezi Aziýa döwletlerine Pars aýlagynyň we Hind ummanynyň iri portlaryna çykalgany açdy, şonuň ýaly-da Günbatar Ýewropa gös-göni çykmaga mümkinçilik berdi. Şol bir wagtda ýurdumyz içerki ýollarynyň ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen iri taslamalary hem üstünlikli amala aşyrdy. Aşgabat — Daşoguz demir ýoly Garagumuň içi bilen göni geçip, paýtagtymyz bilen ýurdumyzyň Demirgazyk sebitini birleşdirdi. Ýene-de bir iri taslama hem Türkmenabat — Kerki — Amyderýa demir ýoludyr. Uzynlygy 200 kilometrden-de geçýän bu demir ýoly ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň etrapdyr şäherlerini bitewi demir ýol ulgamyna birleşdirdi.

Arslan REÝIMOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.