Dubaý forumy: maksat — maýadarlary çekmek we tagallalary birleşdirmek

4 Maý 2023
466

26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 300 töweregi wekiliň gatnaşmagynda hem ýüzbe-ýüz, hem onlaýn görnüşde geçirilen forum türkmen ykdysadyýetiniň binýadyny düzýän nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmegiň, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guralan göçme forum döwlet düzümleriniň, dünýäniň iri kompaniýalarynyň, akademiki we işewür toparlaryň wekillerinde aýratyn gyzyklanma döretdi. Özüniň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini bütin adamzadyň hyzmatynda goýýan Türkmenistan energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny yzygiderli berkitmäge çalyşýar. Şoňa görä-de, forumyň plenar mejlisi ýurdumyzyň geljekde ählumumy energetika bazarynda eýelejek ornuna bagyşlandy.