2027-nji ýyla çenli Azerbaýjan Ýewropa bazaryna tebigy gazyň eksportyny iki esse artdyrar

30 Aprel 2023
444

Ýakynda Azerbaýjanyň Hökümeti bilen Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolan Bolgariýanyň «Bolgartransgaz», Rumyniýanyň «Transgaz», Wengriýanyň «FGSZ» we Slowakiýanyň «Eustream» gaz geçiriji ulgamlarynyň (GTS) operatorlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky özara düşünişmek memorandumyna gol çekildi. Bu barada Azerbaýjanyň apa.az habarlar gullugy habar berdi.

Häzirki wagtda Azerbaýjanyň tebigy gazy Türkiýä, Gresiýa, Bolgariýa, Italiýa eksport edilýär. Ýurtda şu ýylyň ahyryna çenli, zerur bolan gaz geçirijileriň ýola goýulmagy netijesinde, Wengriýa we Slowakiýa gaz iberip başlamak göz öňünde tutulýar.

Taýýarlan: Çary Mülkiýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.