«Asmandan inen ykbal»

2 Maý 2023
427

Ahalteke bedewi türkmen halkynyň taryhy, gündelik durmuşy bilen jebis baglanyşyklydyr. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen dünýäde owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri barada grek alymy Gerodotyň biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrlarda, gadymy taryhçy alymlaryň biri Appianyň biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda Gündogarda Nusaý atly ýurtda kuwwatly şalara mynasyp ajaýyp, gözel atlaryň gezýändigini bellemekleri-de, ýeterlik subutnamadyr. Ajaýyp arheolog, professor W.I.Sarianidiniň tapyndylary bolsa, ahalteke bedewleriniň biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllygyň birinji ýarymynda ilki türkmenlerde eldekileşdirilendiginden habar berýär.

Taýçanak dünýä inende buşlanmagy, oňa at dakylmagy, atlaryň nesliniň yzarlanmagy bedew atlar barada aýdylanlaryň üstüni ýetirýär. Şonuň üçinem biziň halkymyz ahalteke bedewlerine buýsanç bilen seredipdirler, olary kümüşdir altyn we beýleki şaýlar bilen bezäpdirler. Türkmenler bedew atlary bilen şöhratlanypdyrlar.

Italmaz SAPARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, professor.