Türkmenistan — ABŞ: özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýoly bilen

2 Maý 2023
379

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda sözlän sözünde: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýmek bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy daşary syýasatymyzyň strategik wezipesi hökmünde kesgitledi. Bu babatda Demirgazyk Amerika yklymynyň kuwwatly ýurdy hasaplanýan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyga-da aýratyn orun degişlidir.

Golaýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň ABŞ-a amala aşyran iş sapary hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylyp, aýry-aýry ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen bagly anyk teklipler beýan edildi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».