Ýurdumyzda giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär

4 Maý 2023
327

3-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.