Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşyjy myhmanlar awtobana we Türkmenbaşydaky deňiz portuna baryp görerler

4 Maý 2023
430

4-nji maýda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat öz işini ugurdaş mejlisler arkaly dowam eder.

«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, halkara maslahat we sergi öz işini tamamlandan soňra, oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugry we Aşgabadyň Halkara howa menzili boýunça gezelençler guralar. Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar Türkmenbaşy şäherinde bolup, Halkara deňiz portuna baryp görerler hem-de ýokary halkara talaplara doly laýyk gelýän häzirki zaman desgalar toplumynyň ägirt uly üstaşyr ulag kuwwaty bilen tanşarlar.