Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýär, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Demirgazyk Amerika yklymynyň kuwwatly ýurdy hasaplanýan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyga-da aýratyn orun degişlidir.
Golaýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň ABŞ-a amala aşyran iş sapary hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylyp, aýry-aýry ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen bagly anyk teklipler beýan edildi.