Üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara maslahatda möhüm meselelere garaldy

4 Maý 2023
359

Düýn günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat öz işine başlady. Onda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň alymlary, bilermenler, işewürler çykyş etdiler. Maslahatda onlaýn görnüşdäki çykyşlara hem orun berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, halkara maslahatyň esasy wezipesi ulag we logistika ulgamyny ösdürmek üçin bilim-tejribe alyşmakdan, täzeçil çemeleşmeleri, çözgütleri öňe sürmekden ybaratdyr. Şunda ulag düzümine tehniki hyzmatyň hilini gowulandyrmak, ulag ulgamyna halkara goldawyň gerimini giňeltmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.