"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Üns merkezinde — çagalar

Ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşykly we howpsuz bolmagynda ilatyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň ähmiýeti kiçi-girim däldir. Sebäbi ýol hereketiniň kadalaryny kämil bilmek, ýollarda ünsli bolmak dürli hadysalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini aradan aýyrmaga uly ýardam berýär. Şu hakykatdan ugur almak bilen, bölümçämiziň gullukçylary ýerlerde bolup, ilatyň arasynda degişli çäreleri geçirýärler. Şonda bilim ojaklary aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Geçirilýän çärelerde hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda hossarlyk aladasyny edýändigi guwanç bilen bellenilýär. Şeýle üns-aladanyň netijesinde bu babatda öňde goýulýan jogapkärli wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirmek bolsa bizden köptaraply işleri alyp barmagy talap edýär. Bu diýdigim ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň hemmeleriň işi bolup durýandygyny aňladýar. Munuň üçin geçirilýän wagyz-ündew duşuşyklaryna beýleki ugurdaş edara-kärhanalaryň wekillerini hem çagyrýarys. Şeýle çemeleşme alnyp barylýan işleriň netijeliligini we täsirliligini ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe

Goşa mukaddesligiň dabarasy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ynamly gadamlar bilen öňe barýan Berkarar ýurdumyzyň her güni şanly wakalara we baýramçylyklara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýär.

Ylmy-amaly maslahat

Goşa mukaddeslige bagyşlandy Ýakynda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, “Türkmen Tugy agzybirligiň we bitewiligiň nyşanydyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda we onuň bölümlerinde institutyň uly mugallymlary Gülälek Hommadowa, Döwran Nurmuhammedow, mugallymy Allamyrat Annagurbanow, institutyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Mähriban Orazberdiýewa we beýlekiler çykyş etdiler.

Ýaşlar bilen wagyz-nesihat maslahaty

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçen maslahatyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini we edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Maslahatda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeler, ony üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýeti, ýurdumyzda ýaş nesillere döredilýän mümkinçilikler, sanly ulgamyň ösüşi barada täsirli çykyşlar boldy. Çykyş edenler sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Maksat — dabaralary guramaçylykly geçirmek

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda 25-nji maýda geçiriljek mekdep uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly guramak maksady bilen, şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim bölümi tarapyndan etrabyň orta mekdeplerinde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ak mekdepler bilen hoşlaşjak ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklarda ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalar, olaryň bilimli, hünärli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda döredilýän şertler dogrusynda söhbet açylýar, ýaşlara öňdäki dabaralara işjeň gatnaşyp, guramaçylykly geçirmek boýunça nesihatlar berilýär.

Köpugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy

Myh­man türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Ýa­po­ni­ýa­nyň Im­pe­ra­to­ry Na­ru­hi­to­nyň we Prem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ýa­po­ni­ýa­da oňyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan hem-de dö­ret­me­giň, ösüş­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz myh­ma­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, dost­luk­ly ýur­duň we­ki­li­ýe­ti­niň Aş­ga­ba­da şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň däp bo­lan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy, şol san­da par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­lar ýa­ly mö­hüm ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döwlet Baştutanymyz Ýa­po­ni­ýa­nyň Im­pe­ra­to­ry­na hem-de Prem­ýer-mi­nist­ri­ne sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan­dy­gy­ny, onuň uzak möh­let­le­ýin stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.

Ýa­rym asy­ra go­laý wagt­dan soň il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp bi­ler

Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on­lyk ug­run­da soň­ky ýyl­la­ryň iň çe­ke­le­şik­li gö­re­şi do­wam ed­ýär. Çem­pi­on­ly­gyň 2 da­laş­gä­ri­niň utu­lan bu tap­gy­ryn­da Mosk­wa­nyň «Di­na­mo­sy» ýat­dan çyk­ma­jak ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ze­nit» öz meý­dan­ça­syn­da SSKA-dan Ça­lo­wyň 58-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den ge­çi­ren ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da as­gyn gel­di. «Spar­tak» hem öz meý­dan­ça­syn­da şol ha­sap bi­len Zob­ni­niň go­ly esa­syn­da «Kras­no­da­ry» ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Li­ga­da gal­mak üçin gö­reş­ýän «Bal­ti­ka» bi­len çem­pi­on­ly­ga ym­tyl­ýan «Di­na­mo­nyň» ara­syn­da du­şu­şyk ta­ry­hy wa­ka­la­ra baý bol­dy. 3-nji mi­nut­da Týu­ka­wi­niň go­ly bi­len öňe ge­çen mosk­wa­ly­lar En­ri­ke­niň 32-nji, Kap­len­ko­nyň 68-nji mi­nut­da­ky gol­la­ry­na alaç ta­pyp bil­me­di. Ýö­ne ruh­dan düş­me­dik «Di­na­mo» ýe­ňiş ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Il­ki 90+3-nji mi­nut­da Fer­nan­des ha­sa­by deň­lese, 90+9-njy mi­nut­da Nga­mal­ýo paý­tagt­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. 3-2 ha­sa­byn­da ga­za­ny­lan bu ýe­ňiş­den soň «Di­na­mo» 53 utuk bi­len 2-nji ýer­dä­ki «Ze­nit­den» 2, 3-nji orun­da­ky «Kras­no­dar­dan» 3 utuk öňe saý­lan­dy. Ýe­ne-de ga­lan 2 tap­gyr­da «Di­na­mo» il­ki «Kryl­ýa­ny» ka­bul et­se, soň­ra «Kras­no­da­ryň» myh­ma­ny bo­lar. «Kras­no­dar» in­di­ki tap­gyr­da myh­man­çy­lyk­da «So­çi» bi­len du­şu­şar. «Ze­nit» bol­sa soň

Uly höwes bilen abuna ýazylýarys

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda neşirýat ulgamy hem düýpli ösýär. Döwür bilen aýakdaş barýan ýurdymyzyň neşirýat ulgamynda ýetilýän sepgitler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda çap edilýän islendik-gazet-žurnallary diňe bir kagyz görnüşinde däl, eýsem, ykjam el telefonlaryň, kompýuterleriň üsti bilen okamak, gündelik täzelikler bilen dessine tanyşmak mümkin. Ýurdumyzda çap edilýän beýleki gazet-žurnallar bilen bir hatarda “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň hem okyjylarynyň köpdügini aýratyn bellemek gerek. Çünki gazet sahypalarynda, elektron saýtlarynda diňe bir ýurdumyzdaky däl, eýsem, dünýädäki täzelikler hem giňden beýan edilýär. Gazetiň habarlar, dünýä täzelikleri, sport, sungat, syýahatçylyk, çagalar, ykdysadyýet, edebiýat ýaly bölümlerinde gyzykly makalalar, habarlar bilen tanyşmak mümkin. Şeýle hem gazetde peýdaly maslahatlar, çagalar üçin dürli oýunlar, krasswordlar, skanwordlar yzgiderli çap edilýär. Munuň özi her bir okyjynyň boş wagtlaryny gyzykly, mazmunly geçirmäge uly mümkinçilik berýär. Şu günler dowam edýän 2024-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin abuna ýazylyşygyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň işgärleri, işjeň agzalary hem uly höwes bilen ýazylýarlar. Ähli watandaşlarymyzy hem “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň elektron we çap edilýän görnüşine 20

«Man­çes­ter Si­ti­niň» ta­ry­hy ýeň­şi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ar­se­nal» myh­man­çy­lyk­da «Man­çes­ter Ýu­naý­te­di» 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk go­ly 20-nji mi­nut­da Tros­sar der­we­zä gi­riz­di. «Man­çes­ter Si­ti» bol­sa myh­man­çy­lyk­da «Ful­ha­myň» der­we­ze­sin­den 2-si­ni Gwar­di­ol, jo­gap­syz 4 gol ge­çir­di. 34-nji tap­gy­ryň gal­dy­ry­lan du­şu­şy­gyn­da-da «Man­çes­ter Si­ti» myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ha­my» Er­ling Ho­lan­nyň gol­la­ry (51, 90+1 p) esa­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Soň­ky 4 du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da «Tot­tenha­m­yň» der­we­ze­sin­den gol hem ge­çi­rip bil­me­dik «Man­çes­ter Si­ti» bu ge­zek ta­ry­hyn­da­ky iň esa­sy ýe­ňiş­le­riň bi­ri­ni ga­zan­dy. Du­şu­şy­gyň 86-njy mi­nu­tyn­da lon­don­ly­la­ryň ko­re­ýa­ly ýyl­dy­zy Hin Min So­nuň ge­çi­rip bil­me­dik go­ly möw­sü­miň iň aý­gyt­laý­jy pur­sat­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ta­ry­ha gi­rer. Şeý­le­lik­de, «Man­çes­ter Si­ti­niň» 88, «Ar­se­na­lyň» 86 utu­gy bar. «Man­çes­ter Si­ti­niň» yz­ly-yzy­na 4-nji çem­pi­on­ly­gy­na bir ädim, has ta­ky­gy, bir ýe­ňiş ga­lyp, Ang­li­ýa­nyň ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bir klub bas­syr 4 sa­par çem­pi­on­lyk ga­za­nyp bi­ler. El­bet­de, ýek­şen­be gü­nün­de öz meý­dan­ça­syn­da «West Ha­my» ýe­ňen ýag­da­ýyn­da. Şol bir wagt­da baş­lan­jak «Ar­se­nal» – «Ewer­ton» du­şu­şy­gyn­da-da top­çu­lar ýe­ňiş ga­za­nyp, gar­şy­da­şy­ny

Dün­ýä­niň iň ki­çi uça­ry

1973-nji ýyl­da «Be­deCorp» kompaniýasy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len BD-5 at­ly bir orun­lyk uçar dün­ýä­niň iň ki­çi uça­ry ha­sap­lan­ýar. Bu uçar hä­zir­ki wagt­da hem Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ren iň ki­çi uçar ha­sap­lan­ýar. Bu kin­di­wan­ja ho­wa gä­mi­si­niň re­ak­tiw hem-de per­li mo­tor­ly gör­nüş­le­ri bar. Uça­ryň BD-5A we BD-5B at­ly iki sa­ny per­li gör­nü­şi­niň ga­na­ty­nyň giň­li­gi de­giş­li­lik­de, 4,5 we 6,5 met­re ba­ra­bar. Re­ak­tiw he­re­ket­len­di­ri­ji­li mo­de­li BD-5J-iň ga­na­ty­nyň giň­li­gi 5,3 met­re deň. Uzyn­ly­gy 4 met­re ba­ra­bar bo­lan BD-5-iň ag­ra­my 140,5 ki­lo­­g­ram bo­lup, tiz­li­gi sa­gat­da 341 ki­lo­met­re ýet­ýär. Ses­siz­li­gi we yg­ty­bar­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu ki­çi­jik uçar­lar awia­si­ýa ser­gi­le­rin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär.

Lo­tos gü­lü­ne meňzeş muzeý

Sin­ga­pu­ryň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän «ArtScience» mu­ze­ýi 2011-nji ýyl­da açylyp, sun­ga­ty, yl­my, me­de­ni­ýe­ti we teh­no­lo­gi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän me­de­ni ýa­dy­gär­lik ha­sap­lan­ýar. Lo­tos gü­lü­ne meň­ze­di­lip gur­lan bu mu­zeý Sin­ga­puryň meşhur binalarynyň biridir. Bu ýer­de, esa­san, ça­ga­lar üçin ge­ze­lenç­ler we ser­gi­ler gu­ral­ýar. Ýer­li hal­kyň ara­syn­da «Sin­ga­pu­ryň hoş­ni­ýet­li eli» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu bi­na eliň aýa­sy ýa­ly te­ge­lek bö­lek­den, 10 «bar­mak­dan» yba­rat. Her bar­ma­gyň ujun­da reňk­li yşyk­lan­dy­ryş şöh­le­si bo­lup, ol mu­ze­ýiň gi­je­ki gö­zel­li­gi­ni art­dyr­ýar. As­man­dan in­ýän ýa­gyş su­wy jam şe­kil­li üçek­den aşak akyp, 7 metr be­lent­lik­dä­ki öz­bo­luş­ly şar­la­wu­gy eme­le ge­tir­ýär. «ArtScience» mu­ze­ýin­de umu­my meý­da­ny 6 müň ine­dör­dül met­re ba­ra­bar bo­lan 21 ga­le­re­ýa meý­dan­ça­sy bar. Bu ýer­de ça­ga­la­ra 16 in­te­rak­tiw sun­gat gur­na­ma­la­ry­ny hö­dür­le­ýän 4 bö­lüm­de: te­bi­gat, şä­her, se­ýil­gäh we kos­mos bö­lüm­le­rin­de ge­ze­lenç­ler, gy­zyk­ly baş­dan­ge­çir­me­ler ga­raş­ýar. Te­bi­gat bö­lü­min­de älem pla­ne­ta­la­ry­nyň, jan­ly-jan­dar­la­ryň, ösüm­lik­le­riň he­re­ket­le­ri esa­syn­da­ky üç öl­çeg­li şe­kil­ler gör­ke­zil­ýär. Bu­la­ryň ara­syn­da iň gy­zyk­ly­sy «Mi­we meý­da­ny» bo­lup dur­ýar. Şä­her bö­lü­min­de ata-ene­ler bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky m

Mör-möjekler näçe metr beýiklige uçup bilýärler?!

Tebigaty öwreniji alymlar bu sowalyň jogabyny tapmak üçin uzak ýyllaryň dowamynda mör-möjekleriň ýaşaýyş aýratynlygyny öwrendiler. Netijelere görä, mör-mö­jek­ler adat­ça, 5 müň metr belentlik­den aşak­da ýa­şa­ýarlar. Şeýle-de bolsa, käbir mör-möjege has ýokary belentlikde hem duş gelmek bolýar. Alymlar 5 müň metr belentlikden ýokarda duş gelýän kiçijik uçujylaryň şemalyň, howa akymynyň täsiri bilen ýokary çykýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý wagtlaýyn bolup, janly-jandarlaryň has ýokary belentlikde ýaşamagy üçin amatly şertler (howa, iýmit) azalýar. Mör-mö­jek­ler ba­ra­da

Taryhda şu gün

1928-nji ýy­lyň 17-nji ma­ýyn­da Ni­der­land­la­ryň paý­tag­ty Ams­ter­dam­da IX to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry açyl­ýar. 12-nji aw­gus­ta çen­li do­wam eden oýun­la­ra je­mi 3 müň 14 tür­gen gat­na­şyp, ola­ryň 290-syny ze­nan­lar­ düzýär. Oýun­lar­da ABŞ-nyň to­pa­ry je­mi 56 me­dal bi­len öň­de­li­gi eýe­läp, şo­lar­dan 22-si al­tyn me­da­lyň eýeleridir.

Dünýä täzelikleri

Şot­lan­di­ýa­nyň tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri. Şot­lan­di­ýa­nyň par­la­men­ti Jon Su­in­ni­ni hö­kü­me­tiň tä­ze Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. Su­in­ni we­zi­pe­si­ni tab­şy­ran Ham­za Ýu­su­fyň ýe­ri­ne geç­mek bi­len, Şot­lan­di­ýa­nyň ta­ry­hyn­da ýe­din­ji Prem­ýer-mi­nistr bol­dy. Mun­dan öň Su­in­ni wi­se-prem­ýe­r we­zi­pe­sin­de we hö­kü­me­tiň beý­le­ki esa­sy we­zi­pe­le­rin­de iş­le­di. Dün­ýä­niň iň uzyn çö­re­gi. Fran­si­ýa­ly çö­rekçi­ler 140,53 metr uzyn­lyk­da­ky çö­re­gi bi­şi­rip, dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di­ler. Re­kord uzyn­lyk­da­ky ba­ge­ti bi­şir­mek üçin 90 ki­log­ram un, 60 litr suw, 1,2 ki­log­ram duz we 1,2 ki­log­ram ha­myr­ma­ýa ula­nyl­dy. Öň­ki re­kord 133 metr uzyn­lyk­da­ky çö­re­gi bi­şi­ren ita­li­ýa­ly çö­rek­çi­ler ta­ra­pyn­dan go­ýul­dy.

Ýaz pas­ly­nyň meş­hur mi­we­si

Ýer­tu­da­na adam be­de­ni üçin ze­rur bo­lan mi­we­le­riň bi­ri­dir. Ol dart­gyn­ly ýag­daý­lar­da kö­şeş­mä­ge, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mä­ge we gan aý­la­ny­şy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu mi­wä­niň öz­bo­luş­ly ta­ga­my hiç ki­mi bi­parh goý­ma­ýar. Ýer­tu­da­na bä­gül­gül­lü­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan köp­ýyl­lyk ösüm­lik bo­lup, iýil­ýän gör­nü­şi il­kin­ji ge­zek XV asyr­lar­da peý­da bol­ýar. Ata Wa­ta­ny De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka ha­sap­lan­ýan bu mi­we bir­nä­çe asyr­dan soň­ra me­de­ni­ýet­leş­di­ri­lip, tä­ze gör­nüş­le­ri peý­da bol­ýar. Ýer­tu­da­nanyň dü­zü­min­de köp san­ly peý­da­ly mad­da­lar we ýo­kum­ly se­riş­de­ler sak­lan­ýar. Mi­wä­niň ýer­de bit­ýän bu gör­nü­şi maý-iýun aý­la­ryn­da ýe­tiş­ýär. Çi­gi­di da­şyn­da ýer­leş­ýän bu mi­wä­niň Ýer ýü­zün­de 600 tö­we­re­gi (ak, gül­gün, gy­zyl, sa­ry, al­tyn­sow reňk­li) gör­nü­şi bar.

Amiş hal­ky: XVII asy­ra sy­ýa­hat

Dün­ýä­de her bir hal­kyň özü­ne mah­sus me­de­ni­ýe­ti we ýa­şa­ýyş dur­mu­şy bar. Me­de­ni­ýet­le­riň we dur­muş şert­le­ri­niň kö­pü­si bi­ri-bi­ri­ne ga­bat gel­ýän hem bol­sa, kä­bi­ri gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Şeý­le halk­la­ryň bi­ri hem amiş­ler bo­lup, hä­zir­ki za­man dur­muş şert­le­ri­ni düý­bün­den ret ed­ýär­ler. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da ýa­şa­ýan bu halk teh­no­lo­gik se­riş­de­le­ri, hä­zir­ki za­man ulag­la­ry­ny ulan­maz­dan «XVII asyr­da ýa­şa­ýar­lar». Ta­ry­hy ýer­le­re we ga­dy­my­ýe­te ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni çek­ýän amiş hal­ky XVII asy­ryň egin-eşik­le­ri­ni ge­ýip, oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni zäh­met gu­ral­la­ry we iş ma­ly bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Ulag se­riş­de­le­rin­den uzak­da ýa­şa­ýan bu halk bir ýe­re git­me­li bo­lan­la­ryn­da hem at ara­ba­sy­ny ulan­ýar­lar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da tä­sin dur­muş­da ýa­şa­ýan amiş hal­ky ba­ra­da ýa­kyn­dan ta­nyşdyrmagy makul bildik. Amiş­ler hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we amat­lyk­la­ry­ny ulan­ma­gy ha­la­ma­ýar­lar we ter­si­ne ýö­ne­keý dur­muş ýö­rel­ge­sin­de ýa­şa­ma­ga üns ber­ýär­ler. Olar bu tak­wa ter­tip-düz­gü­ne berk eýe­rip, bir­nä­çe asyr­dan bä­ri do­wam et­di­rip gel­ýär­ler. Di­ni ynanç­la­ry­na gö­rä, bu halk ýö­ne­keý ru­hy dur­muş­da ýa­şa­mak yk­ba­ly­na ýa­zy­lan di­ýip dü­şün­ýär­. Amiş hal­ky Ame­ri­ka­nyň 30-a go

Ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler

12-nji maý­da Lit­wa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da Lit­wa­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Gi­ta­nas Nau­se­da ses­le­riň 46 gö­te­ri­mi­ne we onuň esa­sy bäs­de­şi Prem­ýer-mi­nistr Ing­ri­da Şi­mo­ni­te, ses­le­riň 16 gö­te­ri­mi­ne eýe bo­lup, ikin­ji tap­gy­ra çyk­dy­lar. Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň iki­si-de saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin ze­rur bo­lan ses­le­riň 50 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­ny alyp bil­me­di­ler we ikin­ji tap­gy­ra çy­kan­dyk­la­ry ba­ra­da mä­lim et­di­ler. In­di ses be­riş­li­giň ikin­ji tap­gy­ry 26-njy maý­da ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem ýek­şen­be gü­ni ge­çi­ri­len saý­law­lar­da Lit­wa­nyň ra­ýat­la­ry iki ra­ýat­ly­ga rug­sat ber­ýän Ka­nu­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek bo­ýun­ça sa­la sa­l­şy­ga-da ses ber­di­ler. Lit­wa De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa­da ýer­leş­ýän ýurt. Ila­ty 2 mil­li­on 866 müň­den gow­rak. Bal­ti­ka deň­zi­ne çy­kal­ga­sy bo­lan bu ýurt Lat­wi­ýa, Be­la­rus, Pol­şa we Rus­si­ýa­nyň Ka­li­ning­rad se­bi­ti bi­len ser­het­leş­ýär. Paý­tag­ty Wil­ný­us. Şeý­le hem Lit­wa 2004-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy­dyr.

Global maýlamanyň öňüni alyp bolar

Ame­ri­ka­ly we ýew­ro­pa­ly alym­lar kli­mat bo­ýun­ça Pa­riž şert­na­ma­sy­ny do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek we glo­bal maý­la­ma­ny 1,5 de­re­je­de sak­la­mak üçin adam­za­dyň şu asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li her ýyl at­mos­fe­ra­dan 5,1 mil­liard ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy­ny aýyr­ma­ly­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Bu ba­ra­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Gün­do­gar Ang­li­ýa uni­wer­si­te­ti­niň (UEA) met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. Bu ozal çak edi­li­şin­den ep-es­li köp­dür we baş­da me­ýil­leş­di­ri­li­şi ýa­ly, zy­ňyn­dy­la­ryň kem-kem­den no­la çen­li azal­dyl­ma­gy­nyň ýe­ter­lik däl­di­gi­ni aň­lad­ýar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Gün­do­gar Ang­li­ýa uni­wer­si­te­ti­niň (UEA) kli­ma­to­log­la­ry­nyň pi­ki­ri­ne gö­rä, dün­ýä­niň ýurt­la­ry kö­mür­tur­şy ga­zy­ny so­rup al­ma­gyň we sak­la­ma­gyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp düz­mek hem-de or­naş­dyr­mak üçin ta­gal­la­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­li. Şol bir wag­tyň özün­de zy­ýan­ly gaz­la­ryň zy­ňyn­dy­la­ry­ny müm­kin bol­du­gy­ça çalt azalt­ma­ga ça­lyş­ma­ly­dyr.

Dün­ýä­niň iň aras­sa ho­wa men­zil­le­ri

To­kio­nyň Ha­ne­da ho­wa men­zi­li dün­ýä­niň 570 ho­wa men­zi­li­niň ara­syn­da aras­sa­lyk ba­bat­da öň­de­li­gi eýe­le­di. Bu ba­ra­da Lon­don­da­ky dün­ýä­niň awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we ho­wa men­zil­le­ri­niň işi­ne ba­ha ber­ýän «Skyt­rax World Air­port Awards» mer­ke­zi­niň sa­na­wyn­da mä­lim edil­ýär. Ýo­lag­çy­la­ryň be­ren ba­ha­la­ry esa­syn­da dü­zü­len sa­naw­da Ha­ne­da ho­wa men­zi­li­niň aras­sa­çy­lyk ba­bat­da öw­gä my­na­syp­dy­gy bel­li bol­dy. Bu bol­sa pan­de­mi­ýa­dan soň, aras­sa­çy­ly­gyň iň mö­hüm ta­lap­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­len döw­rün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ha­ne­da ho­wa men­zi­lin­den baş­ga-da, Ýa­po­ni­ýa­nyň Na­go­ýa (5-nji orun), Na­ri­ta (6-njy orun) we Kan­saý (7-nji orun) ýa­ly ýe­ne 3 ho­wa men­zi­li il­kin­ji on­lu­ga gir­di. Sa­naw­da Ýa­po­ni­ýa­dan baş­ga-da Azi­ýa­nyň ho­wa men­zil­le­ri gö­ze il­ýär. Seu­lyň Inç­hon ho­wa men­zi­li ikin­ji or­ny eýe­le­di, on­dan soň Sin­ga­pu­ryň Çan­gi ho­wa men­zi­li, Do­ha­nyň Ha­mad ho­wa men­zi­li bar. Sýu­rih ho­wa men­zi­li 10-njy or­ny eýe­läp, Ýew­ro­pa­nyň il­kin­ji on­lu­ga gi­ren ýe­ke-täk ho­wa men­zi­li bol­dy.

Tä­ze hö­kü­me­tiň dü­zü­mi tas­syk­lan­dy

Rus­si­ýa­ Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin «Fe­de­ral ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­la­ryň gur­lu­şy hakynda» Ka­ra­ra gol çek­di. Bu ba­ra­da Krem­liň web sa­hy­pa­syn­da ha­bar be­ril­di. Soňra Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­niň tä­ze hö­kü­met üçin hö­dür­län da­laş­gär­le­ri­ Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şinde we döwlet Dumasynda ara alnyp mas­la­hat­laşyldy. Rus­si­ýa­nyň tä­ze hö­kü­me­tin­de je­mi 21 mi­nistr­lik bo­lar.