Üns merkezinde — çagalar

17 Maý 2024
262

Ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşykly we howpsuz bolmagynda ilatyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň ähmiýeti kiçi-girim däldir. Sebäbi ýol hereketiniň kadalaryny kämil bilmek, ýollarda ünsli bolmak dürli hadysalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini aradan aýyrmaga uly ýardam berýär. Şu hakykatdan ugur almak bilen, bölümçämiziň gullukçylary ýerlerde bolup, ilatyň arasynda degişli çäreleri geçirýärler. Şonda bilim ojaklary aýratyn üns merkezinde saklanylýar.

Geçirilýän çärelerde hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda hossarlyk aladasyny edýändigi guwanç bilen bellenilýär. Şeýle üns-aladanyň netijesinde bu babatda öňde goýulýan jogapkärli wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirmek bolsa bizden köptaraply işleri alyp barmagy talap edýär. Bu diýdigim ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň hemmeleriň işi bolup durýandygyny aňladýar. Munuň üçin geçirilýän wagyz-ündew duşuşyklaryna beýleki ugurdaş edara-kärhanalaryň wekillerini hem çagyrýarys. Şeýle çemeleşme alnyp barylýan işleriň netijeliligini we täsirliligini ýokarlandyrýar.

Ýakup ABDYLLAÝEW,
Saýat etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.