Global maýlamanyň öňüni alyp bolar

17 Maý 2024
260

Ame­ri­ka­ly we ýew­ro­pa­ly alym­lar kli­mat bo­ýun­ça Pa­riž şert­na­ma­sy­ny do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek we glo­bal maý­la­ma­ny 1,5 de­re­je­de sak­la­mak üçin adam­za­dyň şu asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li her ýyl at­mos­fe­ra­dan 5,1 mil­liard ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy­ny aýyr­ma­ly­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Bu ba­ra­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Gün­do­gar Ang­li­ýa uni­wer­si­te­ti­niň (UEA) met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di.

Bu ozal çak edi­li­şin­den ep-es­li köp­dür we baş­da me­ýil­leş­di­ri­li­şi ýa­ly, zy­ňyn­dy­la­ryň kem-kem­den no­la çen­li azal­dyl­ma­gy­nyň ýe­ter­lik däl­di­gi­ni aň­lad­ýar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Gün­do­gar Ang­li­ýa uni­wer­si­te­ti­niň (UEA) kli­ma­to­log­la­ry­nyň pi­ki­ri­ne gö­rä, dün­ýä­niň ýurt­la­ry kö­mür­tur­şy ga­zy­ny so­rup al­ma­gyň we sak­la­ma­gyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp düz­mek hem-de or­naş­dyr­mak üçin ta­gal­la­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­li. Şol bir wag­tyň özün­de zy­ýan­ly gaz­la­ryň zy­ňyn­dy­la­ry­ny müm­kin bol­du­gy­ça çalt azalt­ma­ga ça­lyş­ma­ly­dyr.