Lo­tos gü­lü­ne meňzeş muzeý

17 Maý 2024
227

Sin­ga­pu­ryň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän «ArtScience» mu­ze­ýi 2011-nji ýyl­da açylyp, sun­ga­ty, yl­my, me­de­ni­ýe­ti we teh­no­lo­gi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän me­de­ni ýa­dy­gär­lik ha­sap­lan­ýar. Lo­tos gü­lü­ne meň­ze­di­lip gur­lan bu mu­zeý Sin­ga­puryň meşhur binalarynyň biridir. Bu ýer­de, esa­san, ça­ga­lar üçin ge­ze­lenç­ler we ser­gi­ler gu­ral­ýar. Ýer­li hal­kyň ara­syn­da «Sin­ga­pu­ryň hoş­ni­ýet­li eli» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu bi­na eliň aýa­sy ýa­ly te­ge­lek bö­lek­den, 10 «bar­mak­dan» yba­rat. Her bar­ma­gyň ujun­da reňk­li yşyk­lan­dy­ryş şöh­le­si bo­lup, ol mu­ze­ýiň gi­je­ki gö­zel­li­gi­ni art­dyr­ýar. As­man­dan in­ýän ýa­gyş su­wy jam şe­kil­li üçek­den aşak akyp, 7 metr be­lent­lik­dä­ki öz­bo­luş­ly şar­la­wu­gy eme­le ge­tir­ýär.

«ArtScience» mu­ze­ýin­de umu­my meý­da­ny 6 müň ine­dör­dül met­re ba­ra­bar bo­lan 21 ga­le­re­ýa meý­dan­ça­sy bar. Bu ýer­de ça­ga­la­ra 16 in­te­rak­tiw sun­gat gur­na­ma­la­ry­ny hö­dür­le­ýän 4 bö­lüm­de: te­bi­gat, şä­her, se­ýil­gäh we kos­mos bö­lüm­le­rin­de ge­ze­lenç­ler, gy­zyk­ly baş­dan­ge­çir­me­ler ga­raş­ýar. Te­bi­gat bö­lü­min­de älem pla­ne­ta­la­ry­nyň, jan­ly-jan­dar­la­ryň, ösüm­lik­le­riň he­re­ket­le­ri esa­syn­da­ky üç öl­çeg­li şe­kil­ler gör­ke­zil­ýär. Bu­la­ryň ara­syn­da iň gy­zyk­ly­sy «Mi­we meý­da­ny» bo­lup dur­ýar. Şä­her bö­lü­min­de ata-ene­ler bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky mä­hir-söý­gi, ça­ga­la­ryň ösüş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny be­ýan ed­ýän wir­tu­al oýun­lar gur­al­ýar. Se­ýil­gäh bö­lü­min­de dynç alyş çä­re­le­ri ge­çi­ri­lip, te­bi­ga­ty go­ra­ma­ga de­giş­li slaýd­lar gör­ke­zil­ýär. Kos­mos bö­lü­mi ça­ga­la­ryň iň söý­gü­li meý­dan­ça­sy bo­lup, bu ýer­de 170 müň­den gow­rak LED çy­ra­sy kos­mos gi­ňiş­li­gi­ni jan­lan­dyr­ýar. Özü­ňi ýyl­dyz­la­ryň ara­syn­da ýa­ly du­ýup bol­ýan bu meý­dan­ça edil ja­dy­ly düý­şe meň­ze­ýär.