Ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler

17 Maý 2024
443

12-nji maý­da Lit­wa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da Lit­wa­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Gi­ta­nas Nau­se­da ses­le­riň 46 gö­te­ri­mi­ne we onuň esa­sy bäs­de­şi Prem­ýer-mi­nistr Ing­ri­da Şi­mo­ni­te, ses­le­riň 16 gö­te­ri­mi­ne eýe bo­lup, ikin­ji tap­gy­ra çyk­dy­lar. Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň iki­si-de saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin ze­rur bo­lan ses­le­riň 50 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­ny alyp bil­me­di­ler we ikin­ji tap­gy­ra çy­kan­dyk­la­ry ba­ra­da mä­lim et­di­ler. In­di ses be­riş­li­giň ikin­ji tap­gy­ry 26-njy maý­da ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem ýek­şen­be gü­ni ge­çi­ri­len saý­law­lar­da Lit­wa­nyň ra­ýat­la­ry iki ra­ýat­ly­ga rug­sat ber­ýän Ka­nu­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek bo­ýun­ça sa­la sa­l­şy­ga-da ses ber­di­ler.

Lit­wa De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa­da ýer­leş­ýän ýurt. Ila­ty 2 mil­li­on 866 müň­den gow­rak. Bal­ti­ka deň­zi­ne çy­kal­ga­sy bo­lan bu ýurt Lat­wi­ýa, Be­la­rus, Pol­şa we Rus­si­ýa­nyň Ka­li­ning­rad se­bi­ti bi­len ser­het­leş­ýär. Paý­tag­ty Wil­ný­us. Şeý­le hem Lit­wa 2004-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy­dyr.