Ýaşlar bilen wagyz-nesihat maslahaty

17 Maý 2024
338

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçen maslahatyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini we edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy.

Maslahatda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeler, ony üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýeti, ýurdumyzda ýaş nesillere döredilýän mümkinçilikler, sanly ulgamyň ösüşi barada täsirli çykyşlar boldy. Çykyş edenler sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.