Köpugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy

17 Maý 2024
306

Myh­man türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Ýa­po­ni­ýa­nyň Im­pe­ra­to­ry Na­ru­hi­to­nyň we Prem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ýa­po­ni­ýa­da oňyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan hem-de dö­ret­me­giň, ösüş­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz myh­ma­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, dost­luk­ly ýur­duň we­ki­li­ýe­ti­niň Aş­ga­ba­da şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň däp bo­lan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy, şol san­da par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­lar ýa­ly mö­hüm ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döwlet Baştutanymyz Ýa­po­ni­ýa­nyň Im­pe­ra­to­ry­na hem-de Prem­ýer-mi­nist­ri­ne sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan­dy­gy­ny, onuň uzak möh­let­le­ýin stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.