Uly höwes bilen abuna ýazylýarys

17 Maý 2024
263

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda neşirýat ulgamy hem düýpli ösýär. Döwür bilen aýakdaş barýan ýurdymyzyň neşirýat ulgamynda ýetilýän sepgitler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda çap edilýän islendik-gazet-žurnallary diňe bir kagyz görnüşinde däl, eýsem, ykjam el telefonlaryň, kompýuterleriň üsti bilen okamak, gündelik täzelikler bilen dessine tanyşmak mümkin. Ýurdumyzda çap edilýän beýleki gazet-žurnallar bilen bir hatarda “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň hem okyjylarynyň köpdügini aýratyn bellemek gerek. Çünki gazet sahypalarynda, elektron saýtlarynda diňe bir ýurdumyzdaky däl, eýsem, dünýädäki täzelikler hem giňden beýan edilýär. Gazetiň habarlar, dünýä täzelikleri, sport, sungat, syýahatçylyk, çagalar, ykdysadyýet, edebiýat ýaly bölümlerinde gyzykly makalalar, habarlar bilen tanyşmak mümkin. Şeýle hem gazetde peýdaly maslahatlar, çagalar üçin dürli oýunlar, krasswordlar, skanwordlar yzgiderli çap edilýär. Munuň özi her bir okyjynyň boş wagtlaryny gyzykly, mazmunly geçirmäge uly mümkinçilik berýär. Şu günler dowam edýän 2024-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin abuna ýazylyşygyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň işgärleri, işjeň agzalary hem uly höwes bilen ýazylýarlar. Ähli watandaşlarymyzy hem “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň elektron we çap edilýän görnüşine 2024-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin abuna ýazylmaga çagyrýarys. Çünki gazetiň elektron we çap edilýän görnüşlerini okasaňyz boş wagtyňyz manyly, gyzykly geçer. 2024-nji ýylyň II ýarymy üçin elektron abuna ýazylyşygyna el telefonlaryň üsti bilen hem abuna ýazylmak mümkin. Bu bolsa biziň her birimiziň wagtymyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.