«Man­çes­ter Si­ti­niň» ta­ry­hy ýeň­şi

17 Maý 2024
246

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ar­se­nal» myh­man­çy­lyk­da «Man­çes­ter Ýu­naý­te­di» 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk go­ly 20-nji mi­nut­da Tros­sar der­we­zä gi­riz­di. «Man­çes­ter Si­ti» bol­sa myh­man­çy­lyk­da «Ful­ha­myň» der­we­ze­sin­den 2-si­ni Gwar­di­ol, jo­gap­syz 4 gol ge­çir­di. 34-nji tap­gy­ryň gal­dy­ry­lan du­şu­şy­gyn­da-da «Man­çes­ter Si­ti» myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ha­my» Er­ling Ho­lan­nyň gol­la­ry (51, 90+1 p) esa­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Soň­ky 4 du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da «Tot­tenha­m­yň» der­we­ze­sin­den gol hem ge­çi­rip bil­me­dik «Man­çes­ter Si­ti» bu ge­zek ta­ry­hyn­da­ky iň esa­sy ýe­ňiş­le­riň bi­ri­ni ga­zan­dy. Du­şu­şy­gyň 86-njy mi­nu­tyn­da lon­don­ly­la­ryň ko­re­ýa­ly ýyl­dy­zy Hin Min So­nuň ge­çi­rip bil­me­dik go­ly möw­sü­miň iň aý­gyt­laý­jy pur­sat­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ta­ry­ha gi­rer. Şeý­le­lik­de, «Man­çes­ter Si­ti­niň» 88, «Ar­se­na­lyň» 86 utu­gy bar. «Man­çes­ter Si­ti­niň» yz­ly-yzy­na 4-nji çem­pi­on­ly­gy­na bir ädim, has ta­ky­gy, bir ýe­ňiş ga­lyp, Ang­li­ýa­nyň ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bir klub bas­syr 4 sa­par çem­pi­on­lyk ga­za­nyp bi­ler. El­bet­de, ýek­şen­be gü­nün­de öz meý­dan­ça­syn­da «West Ha­my» ýe­ňen ýag­da­ýyn­da. Şol bir wagt­da baş­lan­jak «Ar­se­nal» – «Ewer­ton» du­şu­şy­gyn­da-da top­çu­lar ýe­ňiş ga­za­nyp, gar­şy­da­şy­nyň utuk ýi­tir­me­gi­ni ta­ma et­me­li bo­lar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, dog­ry fut­bol­da müm­kin däl zat ýok, ýö­ne «Man­çes­ter Si­ti­niň» hem bu elin­dä­ki çem­pi­on­ly­gy­ny be­re­ri­ne hem ga­ra­şy­la­nok. «Ar­se­nal» bas­syr 2-nji möw­süm­de ag­za-bur­na ge­len çem­pi­on­ly­gy ýi­tir­me­giň bo­sa­ga­syn­da dur.

«Tot­ten­ha­myň» utul­ma­gyn­dan soň 4-nji orun­da gal­jak­dy­gy anyk bo­lan «As­ton Wil­la» to­pa­ry 41 ýyl­dan soň UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na gat­na­şar.