"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär...

«7/24. tm», № 12 (147), 20.03.2023. Ru­hy we fi­zi­ki iş­jeň­lik­de bo­lar. Yn­san­lar bag ek­ýän wagt­la­ryn­da te­bi­gat bi­len ara­gat­na­şyk­da bol­ýar. Bu ýag­daý ru­hy taý­dan lez­zet ber­ýär we fi­zi­ki taý­dan he­re­ket­de bol­ma­gy­ňy­zy şert­len­dir­ýär. Yzy­gi­der­li agaç ekip baş­la­ny­ňyz­dan soň, te­bi­ga­ty go­ra­ma­ga si­ziň hem go­şant goş­ýan­dy­gy­ňyz özü­ňi­ze ýa­kym­ly duý­gu­la­ry-da ba­gyş ed­ýär. Bag ek­ýän wag­ty­myz­da yk­jam he­re­ket­le­ri­miz bi­len fi­zi­ki güý­jü­miz bir­leş­ýär. Şol pur­sat maş­ka ýa­kyn he­re­ket­le­riň eme­le gel­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Diý­mek, bag ekil­ýän wagt­da dog­ry he­re­ket­le­ri et­me­gi­miz be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­my­za tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Ýazyň görki kömelek

Naşyja kömelekler tebigatyň hem baharyň bezegi. Käbir alymlar kömelekleriň dünýäsini «üçünji şalyk» diýip atlandyrýarlar. Sebäbi olar ösümliklere, jandarlara degişli hasaplanmasa-da, olara mahsus aýratynlyklara eýedir. Kömelegiň beloklara, uglewodlara, ýaga, mikroelementlere we aminokislotalara baýdygyndan köpler habarlydyr. Ýöne olaryň iýilýän, iýilmeýän we zäherli görnüşleriniň bardygyny unutmaly däldiris. Kömelegi iki ýaşamadyk çagalara iýdirmek bolmaýar. Düzüminde B, D ýokumlary, demir, sink, kükürt, fosfor, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementler bolandygy sebäpli, kömelek ýürek-damar, nerw ulgamynyň saz işlemegine, ganazlygyň öňüni almakda peýdaly hasaplanýar. Onuň düzümindäki beloklar, ýokumlar süňk dokumasynyň berkemegine, şeýle-de gan öýjükleriniň döremegine ýardam edýär.

Tebigatyň sagdynlygy — adamzadyň bagty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, sagdynlaşdyrmak bilen birlikde, ony baýlaşdyrmak babatda hem beýik işler durmuşa geçirilýär. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 − 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» innowasiýalara daýanýan, ekologiýa taýdan amatly «ýaşyl» tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly we toplumlaýyn ösdürmek meýilleşdirildi. Arkadagly Serdarymyzyň  Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek baradaky taryhy Karary hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň çäklerinde  ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek işleriniň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda dowamata beslenýän şeýle ynsanperwer işler biziň Bitaraplyk syýasatymyza hem çuň mazmun berýär. 

Türkmenistan — bagy-bossan

BAG — ZEMINIŇ ÝARAŞYGY Her ýyl Milli bahar baýramynyň öň ýanynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bag nahallaryny oturtmak möwsümine uly dabaralar bilen badalga bermek indi däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 18-nji martynda bag ekmek möwsümine badalga bermek dabarasynyň geçirilmegi hem şeýle pähim-parasatly ýörelgäniň has işjeň dowam etdirilýändigini tassyklaýar. Çünki ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda welaýatymyzda guraljak bag ekmek çäresi hemmeleri bu haýyrly işe goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Täsinliklerden doly owadan ýaz

Bahar — täzeden döremegiň we güllemegiň, täze açyşlaryň hem owadan ýaşaýşyň döwri. Tebigat baharyň gelmegi bilen has-da gözelleşdi. Giň dünýämize täsinlikleri bilen owadan ýaz geldi... Ýazda we tomusda çagalar 3 esse çalt ulalýarlar. Bu hakykat Angliýanyň alymlary tarapyndan tassyklanyldy. Gözlegleriň netijesi çagalaryň mart — awgust aýlary aralygynda sentýabr — dekabr aýlaryndakydan üç esse çalt ösýändigini görkezdi.

Tebigat we jemgyýet

«Tebigat» sözi giň manyda fiziki dünýä ýa-da Älemdir. Gadymy döwürlerde «tebigat» sözi «dogluş» manysyny aňladypdyr. Häzirki wagtda sözüň dürli ulanylyşynda «tebigat» düşünjesi köplenç geologiýa we ýabany tebigata degişlidir. Tebigat – janly ösümlikleriň we haýwanlaryň umumy älemine, käbir ýagdaýlarda jansyz jisimler bilen baglanyşykly hadysalaryň birnäçe görnüşleriniň bardygyna we Ýeriň howasy, geologiýasy ýaly öz-özüni üýtgetmeklerine degişlidir.

Tebigat — biziň öýümiz

Dürli ösümlik we haýwanat dünýäsine baý ülkämiziň gözel tebigaty özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýar. Döwletimiziň esasy baýlygy bolan adam saglygyny şertlendirýän arassa daşky gurşawymyzy we ekologiýamyzy goramak her birimiziň borjumyzdyr. Ýurdumyzda ekologik ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ony geljekki nesillere ýetirmek üçin ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek möhümdir. Tebigatymyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamakda ata-babalarymyz ägirt uly aladalary edipdirler.

Gül­ler — ba­ha­ryň gel­şi­gi

Te­bi­ga­ta aja­ýyp keş­de çe­kip ge­len ba­har pas­ly­nyň ýa­ra­şy­gy gül­ler­dir. Tu­tuş dün­ýä­de gül­le­re päk­li­giň, nä­zik­li­giň, gö­zel­li­giň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ral­ýar. Hal­ky­myz gy­lyk-hä­si­ýe­ti, edep-ek­ra­my, gö­zel­li­gi, nä­zik­li­gi, ýa­kym­ly­ly­gy, bi­tir­ýän iş­le­ri gül ýa­ly bol­sun di­ýip, gyz­la­ra gül bi­len bag­la­ny­şyk­ly at­la­ry dak­ýar. Halk dö­re­di­ji­li­gi­niň haý­sy bir gör­nü­şi­ne ýüz­len­sek hem gül­ler ha­kyn­da aý­dy­lan­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Ene­le­ri­miz ba­la­sy­ny gü­le meň­ze­dip hüw­di dö­ret­se­ler, gyz­lar lä­le­le­rin­de, şa­hyr­lar goş­gu­la­ryn­da gül­le­ri wasp ed­ýär­ler. Gül­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly ata­lar sö­zi, ma­tal­lar, na­kyl­lar hem köp. Şeý­le­lik­de, ata-ba­ba­la­ry­myz, mäh­rem ene­le­ri­miz gül­le­riň te­bi­ga­ta ge­tir­ýän peý­da­sy­ny, ola­ry go­rap sak­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni ne­sil­le­ri­ne öw­re­dip­dir­ler. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de oba­la­ry­myz­da, şä­her­çe­le­ri­miz­de, şä­her­ler­de dür­li bag­la­ry, al-el­wan gül­le­ri kö­pel­dip, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek iş­le­ri üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň

Bahar sazlaşygy – zeminiň ýaraşygy

Bahar! Sen ýene-de türkmen sährasyna mylaýym ýelleriň bilen gadam goýduň. Ýaşaýşyň, ömrüň başlangyjy – ajaýyp bahar! Köňülleriň soltany bahar! Eýsem seniň waspyňy etmedik, seniň gül-gülälekli mahmal ýaýlalaryňa, ýaşyl maýsalaryňa, hoştap howaňa, mymyk ýelleriňe melul bolmadyk adam barmyka?! Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen, bu barlykda oýanyş, direliş başlanýar. Güllere bark bolup oturan türkmen sährasy! Sen şu pursat nähili gözel, nähili ajaýyp! Belki, seniň ynsan göwni bilen beýik sazlaşygyň öz dünýäň bilen biziň dünýämize bolan mahalyň bolup geçýändir. Ýumruk ýaly ynsan göwni nähilii mert, kuwwatly hem bolsa, ol duýga gezek gelende ejizdir. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, seniň ala-baharlaryň ynsanlaryň hersini bir ahwala salýar. Baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýiş döwrüni başdan geçirýän tebigatyň uzyn taryh gatynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Ol taryh gatlaryna tebigat gözelliklerinden ruhlanan raýatlaryň ýagşy amallary, eden sogap işleri, birek-birege bolan söýgüsi bahar bägülleri bilen ýazylýar. Baharyň gelmegi bilen giň ýazylyp ýatan sähralar, gür baglar, dag-dereler ýaşyl reňke boýalyp, üstünde keşde çekilen mysaly açylan güller gözleri gamaşdyrar. Baglarda guşlaryň mahmal owazy, hoşboý ysyny dünýä ýaýýan älemgoşar mysaly gülleriň üstüne kebelekleriňdir bal arylarynyň gonmagy, säheriň mymyk howasy bahar buşlukçy

Tebigaty goramak – derwaýys mesele

Häzirki wagta çenli jemgyýet bilen tebigy gurşawyň özara täsiri adamzadyň ösüşiniň ähli döwürlerinde wajyp meseleleriň biri bolup geldi. Tebigaty we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ony goramak ýaly meseleler, hut adamzadyň ýaşaýyş gurşawy hökmünde, onuň durmuşynda, ykdysady we jemgyýetçilik işlerinde, dünýä möçberinde ilkinji orna çykdy. Tebigat sözüň giň manysynda - bu ähli daşymyzy gurşap alýan barlykdyr. Ol diňe Ýer togalagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, kosmiki jisimleri hem öz içine alýar. Bu düşünje älem, jahan diýen ýaly düşünjeler bilen bir hatarda durýar. Tebigata adamzat jemgyýetiniň ýaşamagy üçin zerur bolan tebigy şertleriň jemi hökmünde hem garalýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen bir hatarda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygy ulgamynda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi, her ýyl millionlarça dürli bag nahallarynyň oturdylmagy netijesinde tokaý zolaklarynyň emele gelmegi ilatyň arassa howadan dem almagyna ýardam berýär. Şeýle-de milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatdaky umumy dünýä işine ägirt uly goşant bolup durýar. Ilatly ýerleriň töwereginde, ulag we demir ýollaryň ýakalarynda emele gelýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýy

Ýaz gelende ýaýlamyza...

Ata-babalarymyz gadymy döwürde Aý, Gün, ýyldyzlar bilen bir hatarda, ýaşaýyş durmuşyndaky dürli ýagdaýlara nazar salmak arkaly ýere ýyly gidendigini anyklapdyrlar. Zeminiň süňňüne ýylynyň ýaýramagy meýdanda ot-çöpleriň dürterip çykmagyna täsir edipdir. Eger ak ýaýlalara ygal bol düşen bolsa, bozagandyr ýowşan pyntyk ýaryp, daş-töweregi bozgunçdan jana tenekar yslar gaplap alypdyr. Şeýlelikde, adamlaryň dem almasy görnetin ýeňilleşipdir.

Zenan bagtyýar — zemin bagta ýar

Bahar paslynyň gelmegi we onuň ilkinji günlerinden baýram edilip başlanýan Halkara zenanlar güni hakda ýürek buýsanjyňy ýazmaly bolsa, ilkinji nobatda göwni dünýäň Kuýaşyna çalymdaş — kalby jomart, zehini sahawatly Gahryman Arkadagymyzyň dünýäň ähli enelerine bagyşlan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndaky: «Eneleriň güler ýüzünden iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär» diýlen setirler ýadyňa düşýär. Ajaýyp şadiwanda türkmen halkynyň Milli Lideri mähriban eneleriň nurana ýüzleriniň, alkyş sözleriniň özüne çäksiz ruhy joşgun, ylham berýändigini, il-ýurt bähbitli alyp barýan her bir işiniň şolar bilen rowaçlyk tapýandygyny ýokary çeperçilik bilen beýan edýär. Aslynda, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň ýazylmagynyň özeninde köpýyllyk yhlasy bilen kemala getiren jemgyýetiniň ünsüni ruhy güýjüň çeşmesi bolan (elbetde, bu çeşmeden ösüşlere, döredijilige güýç almak mümkin) ene-ata mukaddesligine çekmek arkaly jemgyýet jebisligini has-da berkitmek, halkyň döredijilik kuwwatyny artdyrmak bilen döwletimiziň bökdençsiz ösüşini gazanmak islegi bardyr. Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesliň tagzym etmeli — ruhy güýç-hümmet almaly mukaddesligini bilmegini isleýär. Olaryň öz ene-atalaryndan alkyş almagyny isleýär. Bu eseriň tutuş süňňüne «ene-atanyň öz perzendine alkyşyndan, arzuwyndan tutuş ýurduň gülläp ösüşi, halkyň bagtyýarlygy kepillen

«Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!»

«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023 Mäh­ri­ban top­ra­gy­my­za ba­har gel­di. Ýur­du­myz­da her pas­lyň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy, owa­dan­ly­gy bar. Ýö­ne nä­me üçin­dir, biz he­mi­şe yn­san kal­by­na has üýt­ge­şik tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän ýaz pas­ly­ny küý­se­ýä­ris. Ba­har gün­le­ri­niň ge­le­ri­ne, gül­le­ri­niň açy­la­ry­na, te­bi­ga­ta jan ber­ýän, ýy­ly de­mi, gud­rat­ly mäh­ri bi­len kal­by­ňy ýy­lad­ýan, ru­hu­ňy gal­kyn­dyr­ýan, dün­ýä­ni öz­gerd­ýän ba­ha­ra sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­rys.

Sen pasyllar soltany, iň söýgüli wagtymsyň...

«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023 Goja Zemine ýaz geldi, meýdan gül-pürçüge beslendi. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Baýyrlar ýaşyl donuny geýip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa elwan haly ýazylan ýaly bolýar. Şeýle bir owadan güller açylyp, jümle-jahan durşuna gülälek. Giň jahan gülleriň, şabrap ýagan ýagşyň ysyndan ýaňa bark urup, daş-töweregiň arassa howasy göwnüňi göterýär. Ajaýyp gözelliklerden gözüňi aýrybilmän seredip durşuňa, tebigatyň eçilen gözelligine buýsanýarsyň, guwanýarsyň.

Ýaşlarda türkmen tebigatyna söýgi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tarypy dünýä ýaňlanýan, raýatlarynyň sarpasy perişdä deňelýän Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. Sabalarymyzy bagtyýar çagalaryň gülküsi, mährem eneleriň hüwdüsi, ak sakgally gojalaryň pähimi garşy alýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda umumybilim berýän edaralarda okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda olara milli mirasymyz, döwletlilik ýörelgelerimiz, gözel tebigatymyz barada hem giňişleýin düşünjeler berilýär. Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp giň türkmen sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi türkmen tebigatynyň iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ümmülmez sähranyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de geljekki nesillere miras goýmak meselesine ägirt uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberl

МЫ – ТВОИ ДРУЗЬЯ, ПРЕКРАСНАЯ ПРИРОДА!

Окружающая среда имеет свое место воснове человеческойприроды.Она дышит внешним миром, чувствует его, иэтимичувствамизакаляетздоровье. Думаю, что мы не ошибемся, если скажем, что все, что имеем в жизни – это природный дар. Он лежит в основе жизненной обеспеченности и образует центр всех ценностей. Будучи в непрерывной и законной связи со всеми ситуациями, природа находится в постоянном взаимодействии с человеком. До настоящего времени человеческое общество глубоко научно изучило природу, добилось правильного понимания ее с учетом различных граней ее содержания. В связи с взаимоотношениями с окружающей средой, основная цель, которая теперь стоит перед нами – это только ее защита, бережное сохранение и достойная передача следующим поколениям. Обеспечение экологического благополучия в Туркменистане является особым направлением мудрой политики, проводимой уважаемым Президентом и эффективно претворяемой в жизнь в настоящее время. В последние годы, работа по охране природы страны, выращивание садов, их своевременный полив и бережная защита от неблагоприятных условий в рамках экологической политики превратились в жизненную позицию народа, в своеобразие молодого поколения. Основой искреннего дружеского внимания к природе, желания защитить ее является добровольное выполнение этой работы. Деятельность по привлечению молодого поколения в достижение благополучия, чистоты и но

Güller we gözeller

«Sen maňa dostuň kimdigini aýt, men seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýen jümlä durmuşda kän gabat gelensiňiz. Biziň şu ýazgymyzy okanyňyzdan soň: «Sen maňa haýsy güli gowy görýäniňi aýt, men seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýen jümläni arkaýyn ulanyp bilersiňiz. Sebäbi bilermenleriň uzak ýyllaryň dowamyndaky tejribe-barlaglary haýsy güli gowy görýändigimize görä, häsiýetimize bellibir derejede baha berip bolýandygyny görkezdi. Bägül. Bu güli gowy görýän zenanlaryň esasy halaýan zady — syýahatlar, gezelençler, başdangeçirmeler. Dürli medeniýetler, gadymy däp-dessurlar sizde juda üýtgeşik täsir döredýär. Siz her pasylda gül açýarsyňyz, nirä gidäýeniňizde-de üýtgeşik, gelşikli geýinmegi halaýarsyňyz.

Ýazlar gelende

Baharyň gelenin habar biýr gazlar,Gök dona bürener sähralar düzler,Çigrekler, gyrawlar, sowuk aýazlar Älemi terk eder ýazlar gelende. Çöp başyn galgadyp öwsende ýeller,Olary wasp edip saýrar bilbiller,Müşki-anbar ysly elwan bägüllerAjaýyp bark urar ýazlar gelende.

Halky ýorgutlar

Ata-babalarymyz tebigatda bolup geçýän hadysalara örän ünsli syn edipdirler. Haýsy döwürde nähili howanyň bolýandygyna gözegçilik edipdirler. Şeýlelikde, olaryň köpýyllyk tejribeleri esasynda özboluşly halky ýorgutlar, aýtgylar, hasaplar döräpdir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, taryhyň akymynyň haýsydyr bir öwrüminde ulanyşdan galan sözleriň manysyny anyklap, ony ýaş nesilleriň aňyna ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Biz hem halk arasyndan ýygnan ýorgutlarymyzyň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Baharyň buşlukçysy

«Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,Pyntyklady pisse bilen badamlar.Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:– Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!» Şahyryň aýdyşy ýaly, ýere ýyly girip, pasyllaryň soltany bolan bahar pasly geldi. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýşi başdan geçirýän tebigatyň uzyn taryh gatynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Gözýetimde ýaýylyp ýatan sähralar, dag-dereler ýaşyl reňke boýalyp, üstünde keşde çekilen mysaly açylan al-elwan güller gözüňi gamaşdyrýar. Ýaz paslynyň ilkinji günlerinden jana girýän, özüniň owadan reňkli gülleri bilen tanalýan ösümlikleriň biri hem dermanlyk tozga ösümligidir.