Zenan bagtyýar — zemin bagta ýar

7 Mart 2023
665

Bahar paslynyň gelmegi we onuň ilkinji günlerinden baýram edilip başlanýan Halkara zenanlar güni hakda ýürek buýsanjyňy ýazmaly bolsa, ilkinji nobatda göwni dünýäň Kuýaşyna çalymdaş — kalby jomart, zehini sahawatly Gahryman Arkadagymyzyň dünýäň ähli enelerine bagyşlan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndaky: «Eneleriň güler ýüzünden iliň asudalygy, agzybirligi, döwletliligi, rysgallylygy, bagtly ýaşaýşy görünýär» diýlen setirler ýadyňa düşýär. Ajaýyp şadiwanda türkmen halkynyň Milli Lideri mähriban eneleriň nurana ýüzleriniň, alkyş sözleriniň özüne çäksiz ruhy joşgun, ylham berýändigini, il-ýurt bähbitli alyp barýan her bir işiniň şolar bilen rowaçlyk tapýandygyny ýokary çeperçilik bilen beýan edýär.

Aslynda, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň ýazylmagynyň özeninde köpýyllyk yhlasy bilen kemala getiren jemgyýetiniň ünsüni ruhy güýjüň çeşmesi bolan (elbetde, bu çeşmeden ösüşlere, döredijilige güýç almak mümkin) ene-ata mukaddesligine çekmek arkaly jemgyýet jebisligini has-da berkitmek, halkyň döredijilik kuwwatyny artdyrmak bilen döwletimiziň bökdençsiz ösüşini gazanmak islegi bardyr. Milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesliň tagzym etmeli — ruhy güýç-hümmet almaly mukaddesligini bilmegini isleýär. Olaryň öz ene-atalaryndan alkyş almagyny isleýär. Bu eseriň tutuş süňňüne «ene-atanyň öz perzendine alkyşyndan, arzuwyndan tutuş ýurduň gülläp ösüşi, halkyň bagtyýarlygy kepillenýär» diýlen filosofiýa siňipdir. Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda hem-de belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemekde bu ajaýyp kitabyň ähmiýetiniň, gymmatynyň näderejededigini asyrlar kesgitlär.

«Türkmen dünýäsi».