Tebigaty goramak – derwaýys mesele

9 Mart 2023
509

Häzirki wagta çenli jemgyýet bilen tebigy gurşawyň özara täsiri adamzadyň ösüşiniň ähli döwürlerinde wajyp meseleleriň biri bolup geldi. Tebigaty we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ony goramak ýaly meseleler, hut adamzadyň ýaşaýyş gurşawy hökmünde, onuň durmuşynda, ykdysady we jemgyýetçilik işlerinde, dünýä möçberinde ilkinji orna çykdy. Tebigat sözüň giň manysynda - bu ähli daşymyzy gurşap alýan barlykdyr. Ol diňe Ýer togalagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, kosmiki jisimleri hem öz içine alýar. Bu düşünje älem, jahan diýen ýaly düşünjeler bilen bir hatarda durýar. Tebigata adamzat jemgyýetiniň ýaşamagy üçin zerur bolan tebigy şertleriň jemi hökmünde hem garalýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen bir hatarda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygy ulgamynda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi, her ýyl millionlarça dürli bag nahallarynyň oturdylmagy netijesinde tokaý zolaklarynyň emele gelmegi ilatyň arassa howadan dem almagyna ýardam berýär. Şeýle-de milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatdaky umumy dünýä işine ägirt uly goşant bolup durýar. Ilatly ýerleriň töwereginde, ulag we demir ýollaryň ýakalarynda emele gelýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýyny üpjün edýär.