Baharyň buşlukçysy

28 Fewral 2023
637

«Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
– Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!»

Şahyryň aýdyşy ýaly, ýere ýyly girip, pasyllaryň soltany bolan bahar pasly geldi. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýşi başdan geçirýän tebigatyň uzyn taryh gatynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Gözýetimde ýaýylyp ýatan sähralar, dag-dereler ýaşyl reňke boýalyp, üstünde keşde çekilen mysaly açylan al-elwan güller gözüňi gamaşdyrýar. Ýaz paslynyň ilkinji günlerinden jana girýän, özüniň owadan reňkli gülleri bilen tanalýan ösümlikleriň biri hem dermanlyk tozga ösümligidir.

Gülälek GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.