Bahar sazlaşygy – zeminiň ýaraşygy

11 Mart 2023
483

Bahar! Sen ýene-de türkmen sährasyna mylaýym ýelleriň bilen gadam goýduň. Ýaşaýşyň, ömrüň başlangyjy – ajaýyp bahar! Köňülleriň soltany bahar! Eýsem seniň waspyňy etmedik, seniň gül-gülälekli mahmal ýaýlalaryňa, ýaşyl maýsalaryňa, hoştap howaňa, mymyk ýelleriňe melul bolmadyk adam barmyka?! Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen, bu barlykda oýanyş, direliş başlanýar. Güllere bark bolup oturan türkmen sährasy! Sen şu pursat nähili gözel, nähili ajaýyp! Belki, seniň ynsan göwni bilen beýik sazlaşygyň öz dünýäň bilen biziň dünýämize bolan mahalyň bolup geçýändir. Ýumruk ýaly ynsan göwni nähilii mert, kuwwatly hem bolsa, ol duýga gezek gelende ejizdir. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, seniň ala-baharlaryň ynsanlaryň hersini bir ahwala salýar.

Baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýiş döwrüni başdan geçirýän tebigatyň uzyn taryh gatynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Ol taryh gatlaryna tebigat gözelliklerinden ruhlanan raýatlaryň ýagşy amallary, eden sogap işleri, birek-birege bolan söýgüsi bahar bägülleri bilen ýazylýar. Baharyň gelmegi bilen giň ýazylyp ýatan sähralar, gür baglar, dag-dereler ýaşyl reňke boýalyp, üstünde keşde çekilen mysaly açylan güller gözleri gamaşdyrar. Baglarda guşlaryň mahmal owazy, hoşboý ysyny dünýä ýaýýan älemgoşar mysaly gülleriň üstüne kebelekleriňdir bal arylarynyň gonmagy, säheriň mymyk howasy bahar buşlukçylary.