"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Futbolyň taryhyndan

Iki müň ýyl mundan ozalky hytaý ýazgylarynda futbol barada ýazylan ilkinji maglumatlara duş gelmek bolýandygy diýseň-diýmeseň örän täsindir. «Aýak bilen top oýnamak» diýlip atlandyrylan bu oýun ilkibaşda garym-gatym oýnalypdyr. Iki ýarym müň ýyl mundan ozal gadymy Gresiýada we Rimde hem «top üçin söweş» atly oýnuň oýnalandygyny taryhçylar belleýärler. Bu oýun söweş sungaty arkaly ýerine ýetirilip, ol wagtyň geçmegi bilen iňlis medeniýetine aralaşýar. Soňlugy bilen futbol, ýagny aýak topy diýlip atlandyrylan bu oýun düzgünleşdirilip başlanýar. Oýunçylar iki topara bölünýär, ýörite egin-eşik we aýakgap geýilýär.

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda mekdebimiziň ezber türgenleriniň biri Begenç Baltaýew bürünç medala mynasyp boldy. Türgen mekdebimiziň ussat tälimçi-mugallymy Alai Nyýazmeňliýewiň toparynda tälim alýar. Begenç Baltaýew dünýä çempionatynda sport sambosy boýunça 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 24 türgeniň arasynda hormat münberinden orun almagy başardy. Pursatdan peýdalanyp, bize türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakda, şeýle hem watansöýüji, sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Taryhda şu gün

1842-nji ýy­lyň 2-nji de­kab­ryn­da Ang­li­ýa­nyň San­der­lend şä­he­rin­de dog­lan Çarl­zyň, şeý­le-de, Ang­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky bäs­le­şi­gi­niň ge­çi­ri­lip ug­ral­ma­gy­na hem sal­dam­ly go­şant go­şan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

16 klubuň 12-si belli boldy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky 5-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Oý­na­lan 16 oýun­da 54 gol ha­sa­ba al­nyp, du­şu­şyk­la­ryň 4-sin­de 6 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. 2 oýun gol­suz ta­mam­la­nyp, je­mi 6 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. 7 oýun­da ýer eýe­le­ri, 3 du­şu­şyk­da myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. 1/8 fi­na­la çy­kan klub­la­ryň 12-si bel­li bo­lup, «Re­al Mad­rid», «Re­al So­sie­dad», «Man­çes­ter Si­ti», «Le­ip­sig», «In­ter» klub­la­ry­nyň ha­ta­ry­na «Ar­se­nal», PSW, «At­le­ti­ko Mad­rid», «La­sio»,

47 ýyl­dan soň 2-nji kubok

Ten­nis bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň (er­kek­ler) ara­syn­da ge­çi­ril­ýän De­wis Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň Ma­la­ga şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ryn­da ital­ýan­lar çär­ýek fi­nal­da Ni­der­land­lar­dan, ýa­rym fi­nal­da-da serb­ler­den 2:1 ha­sap­lar bi­len üs­tün çyk­dy. Fi­nal­da Awst­ra­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny-da 2-0 ýe­ňen ital­ýan­lar 47 ýyl­dan soň 2-nji ge­zek De­wis Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da Mat­teo Ar­nal­di Alek­seý Po­pi­ri­ni 2:1 (7:5, 2:6, 6:4), 2-nji du­şu­şy­gyn­da-da Ýan­nik Sin­ner Aleks de Mi­nau­ry 2:0 (6:3, 6:0) ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu 2 ýe­ňiş­den soň jü­büt­le­ýin du­şu­şy­gyň ge­çi­ril­me­gi­niň zerurlygy hem gal­ma­dy. Şun­luk­da, Ýan­nik Sin­ner, Lo­ren­zo Mu­set­ti, Lo­ren­zo So­ne­go, Mat­teo Ar­nal­di hem-de Si­mo­ne Bo­lel­li da­gy­dan dü­zü­len Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da­ky 2-nji De­wis Ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy mun­dan öň di­ňe 1976-njy ýyl­da çem­pi­on bo­lup­dy. Olar şon­da şol wagt­ky Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­ny ýe­ňip­di. Fi­nal­da 6 sa­par utu­lan Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy De­wis Ku­bo­gy­ny 2 ge­zek ga­za­nan 11-nji ýurt hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Ajaýyp baýramçylyk

Gözel paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki abraýyny has-da artdyrdy. 29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen mediaforumda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemleri jemlenildi. Oňa Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), Afrika kuraş bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa kuraş konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Ol çempionatyň uly üstünliklere beslenendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa geljekki hyzmatdaşlyk hem-de netijeli gatnaşyklar üçin täze meýdança öwrülen bu ägirt uly çäräniň üstünlikli geçirilmegine goşan goşantlary üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

«Real Madrid» 1-nji orna beýgeldi

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ita­lia» der­bi­sin­de «Ýu­wen­tus» bi­len «In­ter» du­şu­şyp, du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Wla­ho­wi­çiň hem-de Mar­ti­ne­siň gar­şy­lyk­ly gol­la­ry bi­len du­şu­şyk 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Soň­ky çem­pi­on «Na­po­li» myh­man­çy­lyk­da «Ata­lan­ta­ny» Kwa­ras­he­li­ýa bi­len El­ma­syň gol­la­ry esa­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da «Fio­ren­ti­na­ny» Teo Her­nan­de­siň 45+2-nji mi­nut­da ge­çi­ren pe­nal­ti go­ly bi­len 1–0 ut­dy. Du­şu­şyk­da meý­dan­ça soň gi­ren «mi­lan­ly» Fran­çes­ko Ka­mar­da 15 ýaş 260 gün bi­len «Se­rie A»-da oý­nan iň ýaş fut­bol­çy diýlip hasaba alyndy. Öz meý­dan­ça­syn­da «La­sio» bi­len du­şu­şan «Sa­ler­ni­ta­na» güýç­li gar­şy­da­şy­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu ola­ryň şu möw­süm­dä­ki il­kin­ji ýeň­şi bo­ldy. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da myh­man­çy­lyk­da «Ka­diz» to­pa­ry­ny Rod­ri­go (2) we Bel­lin­ga­myň gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Re­al Mad­rid» 1-nji or­na geç­di. Bel­lin­gam «Re­al Mad­rid­de» il­kin­ji 15 oýun­da 14 gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. «Ži­ro­na»–«At­le­tik», «Ra­ýo Wal­le­ka­no»–«Bar­se­lo­na» du­şu­şyk­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­man, 2 oýun hem 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. «At­le­ti­ko Mad­rid» An­tu­an Griz­man­nyň 64-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len «Mal­ýor­ka­ny» ýeň­li­ş

Holann 50 gola iň çalt ýeten futbolçy

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň iň esa­sy du­şu­şy­gyn­da «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Li­wer­pul» bilen 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Ho­lan­nyň 27-nji mi­nut­da­ky go­lu­na 80-nji mi­nut­da Alek­san­der-Arn­old jo­gap ber­di. «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry­na 86 ýyl­dan bä­ri «Li­wer­pu­ly» çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na 2 ge­zek ýeňmek ba­şart­ma­dy. «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da çem­pio­na­tyň çä­gin­de 23 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýär­di. Bu ugur­da re­kord yzy­gi­der­li 24 ýe­ňiş ga­za­nan «San­der­land» to­pa­ry­na de­giş­li­dir (1891/92 möw­sü­mi). Er­ling Ho­lann bol­sa «Pre­mi­er Li­ga­da» iň çalt 50 go­la ýe­ten fut­bol­çy bol­dy (48 oýun).

Hepdäniň esasy duşuşyklary

1-nji de­kabr (anna): Al Hilal – Al Nassr (23:00)

Wers­tap­pen möw­sü­mi 5 re­kord bi­len ta­mam­la­dy

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şy, 22-nji «Gran Pri­si» BAE-niň paý­tag­ty Abu Da­bi­dä­ki «Yas Ma­ri­na» tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 58 aý­la­wy 1 sa­gat 27 mi­nut 02,624 se­kunt­da ta­mam­lan «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu onuň bas­syr 7-nji, möw­süm­dä­ki 19-njy, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da

LeB­ron Jeým­siň tä­ze re­kord­la­ry

Amer­ika­nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy NBA-da su­per ýyl­dyz LeB­ron Jeýms her hep­de di­ýen ýa­ly tä­ze re­kord goý­ýar. 38 ýa­şyn­da­ky bas­ket­bol­çy to­pa­ry «LA Leý­ker­siň» myh­man­çy­lyk­da «Fi­la­del­fi­ýa 76ers» to­pa­ry bi­len du­şu­şan oý­nun­da 30 mi­nut çy­kyş et­di. Şun­luk­da, LeB­ron Jeýms ada­ty möw­süm­de iň köp mi­nut­lap çy­kyş eden bas­ket­bol­çy bol­dy. Ol 66 müň 319 mi­nut bi­len Ka­rim Ab­dul Jab­ba­ryň 66 müň 300 mi­nut­lyk re­kor­dy­ny tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Bu du­şu­şyk­da «LA Leý­kers» 138:94 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. 44 utuk ara­ta­pa­wut Jeým­siň kar­ýe­ra­syn­da­ky iň uly ara­ta­pa­wut­ly ýeň­liş hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. LeB­ron Jeýms mun­dan öň­ki hep­de­de bol­sa 39 müň­den köp utuk ge­çi­ren il­kin­ji bas­ket­bol­çy bo­lup­dy.

2-nji ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan 17-nji sü­rü­ji

Mo­to GP bo­ýun­ça çe­ke­le­şik­li ge­çen möw­sü­miň çem­pio­ny iň soň­ky ýa­ryş­da bel­li bol­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň Wa­len­si­ýa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len möw­sü­miň 20-nji ýa­ry­şyn­da sa­na­wyň li­de­ri, «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sürüjisi Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. Banaia 4 ki­lo­metr­lik Ri­kar­do Tor­mo­nyň ady­ny gö­ter­ýän tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len 27 aý­law­dan yba­rat ýa­ry­şy 40 mi­nut 58,535 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 7-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 18-nji ýeň­şi bo­lup, ol bas­syr 2-nji ge­zek Mo­to GP-niň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ýa­ryş­da 2-nji ýe­ri «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Ýo­han Zar­ko 2-nji, «Red Bull KTM» to­pa­ry­nyň gü­nor­ta af­ri­ka­ly pi­lo­ty Bred Baýn­der 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş alyp ba­ran is­pa­ni­ýa­ly Hor­ge Mar­tin («Pri­ma Pra­mac») 5-nji aý­law­da ki­çeň­räk hadysa­dan soň ýa­ry­şy do­wam et­di­rip bil­me­di.

Ýene-de 5 klub 1/8 finala çykdy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky 5-nji du­şu­şyk­lar ta­mam­la­nyp, 1/8 fi­na­la çy­kan klub­la­ryň sa­ny kö­pel­di. 4-nji oýun­lar­dan soň di­ňe «Al-Ain» bi­len «Pho­hang Sti­lers» ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­za­nyp­dy. Ola­ryň ha­ta­ry­na ýe­ne 5-si go­şu­lyp, 1/8 fi­na­la çy­kan klub­la­ryň sa­ny 7 bol­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň 4 klu­bu­nyň 3-si 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. «A» to­par­ça­da­ky du­şu­şyk­la­ryň 2-si hem 3-1 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy. To­par­ça­nyň li­de­ri «Al-Ain» öz meý­dan­ça­syn­da «Pah­ta­kor­dan» 3-1 ha­sa­byn­da utul­dy. «Pah­ta­ko­ryň» gol­la­ry­ny Er­ki­now (2) bi­len Se­ran ge­çir­di. Şo­nuň ýa­ly «Al-Feý­ha» klu­by-da «Aha­ly» şol ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di.

Myhmanlaryň hoşallyk sözi

Neo Miles Mogase WILLIAMS,Günorta Afrika Respublikasynyň tälimçisi: — Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşandygymyza juda begenýäris. Türkmen doganlarymyz bizi mähirli garşy aldylar. Myhman bolan günlerimizde taryhy-medeni ýadygärliklere bolan gezelençler, sergiler, aýdym-sazly konsertler diýseň täsirli boldy. Ak mermerli Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ajaýyp keşbi edil jennet mysaly. Bu gözellikler bize ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyşlady. Munuň üçin türkmen doganlarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty: ýeňişlerden-ýeňişlere barýan menziller

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sport ulgamynda gazanylan täze üstünlik hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu iri halkara sport baýramçylygynda dünýä ýurtlaryndan gelen milli ýygyndy toparlaryň agzalary jemi 60 medal ugrunda tutluşyk geçirdiler. Türkmen türgenleri çempionatyň 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medalyny eýelediler. Çempionat ýurdumyzda sport diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyna, döwletimiziň iri sport bäsleşiklerini guramaga dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi berkitmegiň möhüm guraly hökmünde garaýandygyna güwä geçýän möhüm çärä öwrüldi.

Türkmenistan — arkasy ýere degmedik pälwanlaryň ýurdy

28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty tamamlandy. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň 45 ýurdundan sport wekillerini —181 türgeni bir ýere jemlän ajaýyp sport baýramçylygy boldy. Bu dünýä ýaryşy jemlenenden soň şeýle sözbaşy bilen makala ýazyljagy, eýýäm onuň ilkinji gününde belli boldy. Şol gün, ýagny 27-nji noýabrda türkmen pälwanlary 8 sany — 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medala eýe boldular. Çempionatyň ikinji — jemleýji güni bolsa, ildeşlerimiz 7 sany — 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar. Ine, şeýle görkeziji bilen türgenlerimiz medallaryň umumy sany boýunça beýleki toparlardan görnetin tapawutlanmagy başaryp, altyn medallaryň sany babatda diňe Özbegistanyň ýygyndy toparyny öňe geçirdi. Özbek pälwanlary 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Baýrakly üçünji orny Gazagystanyň ýygyndy topary eýeledi. Bu ýurduň pälwanlary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen ýaryşy tamamladylar.

Ruhubelentligiň we bagtyň sakasy

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylyp, ençeme lukmançylyk, ylmy-barlag edaralary, ylmy-kliniki merkezler, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, saglyk öýleri, hassahanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Munuň özi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasynyň asuda, parahat Watanymyzda barha dabaralanýandygynyň subutnamasydyr. Lukman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan — melhemler mekany» ýaly kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediýasy ynsan saglygyny goramakda iň esasy gollanmalardyr.

Sport

Şanly senä bagyşlandy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsançly senesi bolan Halkara Bitaraplyk güni golaý gelýär. Şu sene mynasybetli medeni-köpçülik we sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylyp, olara dürli ulgamlarda zähmet çekýänler işjeň gatnaşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şeýle çäreleriň täsirli guralmagy ilaty sporta çekmekde, ruhubelentligi döretmekde gowy netijesini berýär.

Mediaforumda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemi jemlendi

29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman mediaforumy açyk diýip yglan edip, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Bellenilişi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde geçirilen IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty sişenbe güni tamamlandy. Dünýä çempionatynyň jemleri boýunça türkmen türgenleri 15 medal gazandylar. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýaryşyň iki gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar.