Bedenterbiýe we sport

1 Dekabr 2023
361

Ýakynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda mekdebimiziň ezber türgenleriniň biri Begenç Baltaýew bürünç medala mynasyp boldy. Türgen mekdebimiziň ussat tälimçi-mugallymy Alai Nyýazmeňliýewiň toparynda tälim alýar. Begenç Baltaýew dünýä çempionatynda sport sambosy boýunça 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 24 türgeniň arasynda hormat münberinden orun almagy başardy.

Pursatdan peýdalanyp, bize türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakda, şeýle hem watansöýüji, sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.