Myhmanlaryň hoşallyk sözi

1 Dekabr 2023
208

Neo Miles Mogase WILLIAMS,
Günorta Afrika Respublikasynyň tälimçisi:

— Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşandygymyza juda begenýäris. Türkmen doganlarymyz bizi mähirli garşy aldylar. Myhman bolan günlerimizde taryhy-medeni ýadygärliklere bolan gezelençler, sergiler, aýdym-sazly konsertler diýseň täsirli boldy. Ak mermerli Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ajaýyp keşbi edil jennet mysaly. Bu gözellikler bize ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyşlady. Munuň üçin türkmen doganlarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Taýýarlan Daňatar GALPAKOW,
«Nesil».