Ajaýyp baýramçylyk

1 Dekabr 2023
309

Gözel paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki abraýyny has-da artdyrdy. 29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen mediaforumda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemleri jemlenildi. Oňa Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), Afrika kuraş bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa kuraş konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Ol çempionatyň uly üstünliklere beslenendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa geljekki hyzmatdaşlyk hem-de netijeli gatnaşyklar üçin täze meýdança öwrülen bu ägirt uly çäräniň üstünlikli geçirilmegine goşan goşantlary üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

«Watan».