Ruhubelentligiň we bagtyň sakasy

30 Noýabr 2023
338

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylyp, ençeme lukmançylyk, ylmy-barlag edaralary, ylmy-kliniki merkezler, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, saglyk öýleri, hassahanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Munuň özi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasynyň asuda, parahat Watanymyzda barha dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.

Lukman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan — melhemler mekany» ýaly kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediýasy ynsan saglygyny goramakda iň esasy gollanmalardyr.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.