Moto GP boýunça çekeleşikli geçen möwsümiň çempiony iň soňky ýaryşda belli boldy. Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçirilen möwsümiň 20-nji ýaryşynda sanawyň lideri, «Ducati Lenovo» toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia ýeňiş gazandy. Banaia 4 kilometrlik Rikardo Tormonyň adyny göterýän trassasynda geçirilen 27 aýlawdan ybarat ýaryşy 40 minut 58,535 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 7-nji, karýerasyndaky 18-nji ýeňşi bolup, ol bassyr 2-nji gezek Moto GP-niň çempionlygyny gazandy.
Ýaryşda 2-nji ýeri «Prima Pramac» toparynyň fransuz sürüjisi Ýohan Zarko 2-nji, «Red Bull KTM» toparynyň günorta afrikaly piloty Bred Baýnder 3-nji ýeri eýeledi. Çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp baran ispaniýaly Horge Martin («Prima Pramac») 5-nji aýlawda kiçeňräk hadysadan soň ýaryşy dowam etdirip bilmedi.