AFK Çempionlar Ligasynda toparçadaky 5-nji duşuşyklar tamamlanyp, 1/8 finala çykan klublaryň sany köpeldi. 4-nji oýunlardan soň diňe «Al-Ain» bilen «Phohang Stilers» ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanypdy. Olaryň hataryna ýene 5-si goşulyp, 1/8 finala çykan klublaryň sany 7 boldy. Saud Arabystanynyň 4 klubunyň 3-si 1/8 finala çykmagy başardy.
«A» toparçadaky duşuşyklaryň 2-si hem 3-1 hasabynda tamamlandy. Toparçanyň lideri «Al-Ain» öz meýdançasynda «Pahtakordan» 3-1 hasabynda utuldy. «Pahtakoryň» gollaryny Erkinow (2) bilen Seran geçirdi. Şonuň ýaly «Al-Feýha» kluby-da «Ahaly» şol hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.