Mediaforumda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemi jemlendi

30 Noýabr 2023
280

29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman mediaforumy açyk diýip yglan edip, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Bellenilişi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde geçirilen IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.