Türkmenistan — arkasy ýere degmedik pälwanlaryň ýurdy

30 Noýabr 2023
682

28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty tamamlandy. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň 45 ýurdundan sport wekillerini —181 türgeni bir ýere jemlän ajaýyp sport baýramçylygy boldy.

Bu dünýä ýaryşy jemlenenden soň şeýle sözbaşy bilen makala ýazyljagy, eýýäm onuň ilkinji gününde belli boldy. Şol gün, ýagny 27-nji noýabrda türkmen pälwanlary 8 sany — 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medala eýe boldular. Çempionatyň ikinji — jemleýji güni bolsa, ildeşlerimiz 7 sany — 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar. Ine, şeýle görkeziji bilen türgenlerimiz medallaryň umumy sany boýunça beýleki toparlardan görnetin tapawutlanmagy başaryp, altyn medallaryň sany babatda diňe Özbegistanyň ýygyndy toparyny öňe geçirdi. Özbek pälwanlary 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Baýrakly üçünji orny Gazagystanyň ýygyndy topary eýeledi. Bu ýurduň pälwanlary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen ýaryşy tamamladylar.

Laçyn PÜRJÄÝEWA,
«Adalat».