Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da super ýyldyz LeBron Jeýms her hepde diýen ýaly täze rekord goýýar. 38 ýaşyndaky basketbolçy topary «LA Leýkersiň» myhmançylykda «Filadelfiýa 76ers» topary bilen duşuşan oýnunda 30 minut çykyş etdi. Şunlukda, LeBron Jeýms adaty möwsümde iň köp minutlap çykyş eden basketbolçy boldy. Ol 66 müň 319 minut bilen Karim Abdul Jabbaryň 66 müň 300 minutlyk rekordyny täzelemegi başardy. Bu duşuşykda «LA Leýkers» 138:94 hasabynda asgyn geldi. 44 utuk aratapawut Jeýmsiň karýerasyndaky iň uly aratapawutly ýeňliş hökmünde hasaba alyndy.
LeBron Jeýms mundan öňki hepdede bolsa 39 müňden köp utuk geçiren ilkinji basketbolçy bolupdy.