Gözel tebigatymyzy goramak — mukaddes borjumyz

4 Awgust 2021
965

Ýurdumyzyň gözel tebigatyny, daşky gurşawy goramak hemmämiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzyň hemme ýerinde tebigaty has hem gözelleşdirmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Indi islendik oba-şäheriň golaýyndan geçip barýarkaň, tertipli ýagdaýda ekilen gül-gülälekli, bag-bakjaly meýdanlara gözüň düşüp, kalbyň joşýar.

Sähralardaky, daglardaky ajaýyp ýerlerde dynç alanymyzda, tebigy ýagdaýda ösüp oturan üzärlikleri, itburunlaryň güllerini, yşgynlary, buýanlary ýa-da çopantelpekleri basalamaly, ýolmaly däldiris. Çünki olardan taýýarlanan dermanlar biziň özümiziň ýa-da ýakynlarymyzyň saglygy üçin zerur bolup durýandyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dermanhanalarynyň islendigine barsaňyz, ýörite gaplara gaplanan: käkilik oty, narpyz, çopantelpek, atgulak, itburun, buýan toşaby, arassalanan mumyýa ýaly ýüzlerçe ösümlikleriň we tebigy jisimleriň düzüminden taýýarlanan dermanlyk serişdeler bardyr. Munuň özi türkmen tebigatynda bitýän her bir ösümligiň, bu toprakda döreýän her bir maddanyň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny aňladýar. Adam saglygyna şypa beriji ýerlerimiz barada aýdylanda bolsa, «Berzeňňi», «Arçman», «Ýyly suw» şypahanalarynyň suwlarynyň bejeriş häsiýetleri, «Mollagara» şypahanasynyň palçygy hem dürli dertlere şypadyr.

Bäşim MUHYÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ekologiýa we ylym bölüminiň hünärmeni.