Tebigatyň tenekar ösümligi

1 Awgust 2021
1171

Güneşli türkmen topragy derman ösümliklerine baý toprakdyr. Şolaryň biri-de dowam edýän tomus paslynyň — iýul aýynyň aýaklaryna we awgust aýynyň başlaryna ýetişýän ýandakdyr. Halkymyzyň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasynda ine-gana ýaýnap ýören mallaryň esasy iýmiti we ynsan saglygy üçin tenekar bolan ýandak barada bize Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi Ýolly Nepesow şeýle täsirli gürrüň berdi:

—Ýylylygy söýýän ösümlik bolansoň, ýandak aprel aýynda gögerip başlap, iýun aýynda gülläp, awgust aýynyň başlaryna miweläp tohumlamak bilen sentýabr aýyna çenli kemsiz ýetişýär. Tikenli hem bolsa, ýandak mallar üçin ot-iým bolup hyzmat etmek bilen birlikde, ynsan saglygy üçin-de tapylgysyz tenekar otdur. Gözel türkmen tebigatyna gezelenje çyksaň, şu ýyl ýandagyň has-da hasylly ýetişendigine göz ýetirip guwanýarsyň. Ýandagyň dermanlyk häsiýetine eýe bolmagy ýapragynda we baldagynda C witaminini (askorbin turşusyny) jemleýändigindedir.

Gürrüňi ýazga geçiren Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz.