Il-gün bähbitli işler

18 Mart 2021
1642

Berkarar Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen, eziz Diýarymyzda wajyp özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyz döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň döwlet syýasatymyzyň düzüm bölegidigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Diýarymyzda bu işler Türkmenistanyň «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyny we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny kämilleşdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Bu ugurdaky işler maýa goýum bäsleşigi, bäsleşikli söwdalar, hususylaşdyrylýan desganyň göni (salgyly) satylmagy, kärende şertinde onuň kärendeçisine satylmagy hem-de döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržasynyň üsti bilen satylmagy esasynda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde gelip gowuşýan teklipleri jemlemek hem-de seljermek boýunça zerur işler yzygiderli alnyp barylýar.