Milli medeniýet we döwür

16 Ýanwar 2021
1268

Milli medeniýetiň ata-baba gelýän kämil mekdebini geçen, türkmeniň şirin dessanlaryndan, «Görogly» şadessanynyň gahrymançylykly sahypalaryndan, hoşowaz bagşylaryň börňüldäp duran mukamlaryndan ruhy dünýäsi kemsiz ganan hormatly Prezidentimiz çagalykda gursagynda şinelän söýgi-hormatynyň nyşany hökmünde turuwbaşdan medeniýete we sungata, bagşyçylyk kimin sungat akabalaryna täzeden badalga berdi. Sungat ussatlaryna serpaý ýapýar, derejeleýär. Milli medeniýetimize, sungatymyza, däp-dessurdyr ýörelgelerimize bagyşlanan «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» we «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplaryny peşgeş berdi.

Medeniýeti öwreniş ylmynda: “Medeniýetleşmek — munuň özi, birinjiden, medeniýetiň gurallary tarapyndan tebigy ýagdaýda üpjün edilip bilner, ikinjiden, adamyň ahlak we döredijilik tagallalaryny talap edýän şahsy iş hem bolup biler” diýlip aýdylýar.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
“Türkmenistan”.