Geografik taýdan amatly ülke

14 Ýanwar 2021
2204

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamy bedew bady bilen ösýär. Ýurdumyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan nurana ýollar dost-doganlyk ýollaryna öwrülýär. Milli kanunçylygymyzyň howa, deňiz, awtoýol ulgamlarynda amala aşyrylýan işleri we hyzmatlary düzgünleşdirýän hukuk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzüminiň hem-de aragatnaşyk telekommunikasiýalar ulgamynyň kemala gelmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi, diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berýär. Türkmenistan geografik taýdana örän amatly sebit we sebitara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryny döwletleriň we halklaryň bähbidine gönükdirýär.

Jumamyrat AÇYLOW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy.