Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

DOSTLUGYŇ NYŞANY

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer ulgama, milli gymmatlyklara-da uly orun degişlidir. Şunda iki halkyň barha berkeýän dostluk gatnaşyklarynyň ajaýyp nyşanlarynyň biriniň türkmen alabaýydygyny aýratyn nygtamak gerek. Bu barada aýdylanda, 2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa türkmen alabaýyny sowgat berendigini ýatlamaly. Şonda dostlukly döwletiň Baştutany ony diňe bir sowgat  däl-de, türkmen-tatar halklarynyň arasyndaky taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan mizemez dost-doganlygyň ajaýyp nyşany hökmünde kabul etdi. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow özüne sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýyna aýratyn mähir-yhlas bilen seredýär. Dostlukly ýurduň Baştutanynyň öz internet sahypalarynda Akdostuň dürli ýerlerde düşürilen ajaýyp fotosuratlaryny ýygy-ýygydan paýlaşyp durmagy-da munuň şeýledigini tassyklaýar.Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere dürli ýyllarda hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy-da onuň bu ajaýyp milli gymmatlygymyza bolan sarpasynyň we gyzyklanmalarynyň  uludygyny görkezýär. Umuman, Russiýa Federa

MILLI BUÝSANJYMYZ

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 23-ne Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyrynda saýlanan alabaýlaryň 20-si duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi şeýle hem bellenen päsgelçiliklerden geçmekleri bilen bäsdeşdiler. Halkara bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan türkmen alabaýlary gözden geçirilip, weterinar lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýlary barlanyp, olara kepilnamalar hem-de ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem türkmen alabaýlary bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen alabaýlary tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran dürli päsgelçiliklerden — geçmekleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy belli bolar. Bäsleşige Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezlerinden hem-de Aşgabat şäherinden, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryndan şeýle-de hususy itşynaslar tarapyndan ýetişdirilen türkmen alabaýlary gatnaşdylar. Ençeme asyrlaryň dowamynda adamyň wepaly ýoldaşy we dosty, öýüniň goragçysy, kömekçisi bolan alabaýlar özleriniň ajaýyp gylyk-häsiýeti, edermenligi bilen h

BAÝRAMÇYLYGYŇ JEMLEÝJI GÜNI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe GahrymanArkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde merdana türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek boýunça maksadalaýyk we tutanýerli işler durmuşa  geçirilýär.2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide halkymyzyň milli mirasy, döredijilik zehini öz beýanyny tapdy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Toplumyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzün

ASSOSIASIÝANYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2024-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bellenilişi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Mejlis başlamazyndan ozal, ýygnananlar amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň keşbi öz beýanyny tapýar. Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işine degişli meseleler girizildi. Şeýle hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna täze kabul edilen agzalara degişli şahadatnamalar, ýurduň öňdebaryjy itşynaslaryna «Türkmenistanyňat gazanan itşynasy» hormatly atlar dakylyp döwlet sylaglary gowşuryldy. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar geljek üçin möhüm wezipeleri maslahatlaşyp, degişli çözgütleri kabul etdiler.     Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Ulugdepede iş alyp barýa

TÜRKMEN ALABAÝY MILLI GYMMATLYGYMYZ

2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly IV halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiňmedeniýet merkezinde guralan, türkmen halkynyňmilli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyňbelentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniňhem-de kitaplaryň sergisini synladylar. Maslahatda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň, Agrar partiýasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş etdiler. Oňa Türkmenistanyň ussat itşynaslary, kinologlary, döwrebap itçilik merkezleriniň hünärmenleri hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kinologiýa taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary, oňyn başlangyçlary möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ýokard

SUNGATDA ALABAÝYŇ WASPY

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen alabaýlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde,fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki  wagtda haly  gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly, awtorlar milli gymmatlygymyz bolan türkmen alaba

HALKYMYZYŇ MILLI MIRASY DÜNÝÄDE DABARALANÝAR

2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy.Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de “Irden turda, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.Soňra Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi. 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji bolan itleriň sylaglanyş dabarasynyň geçirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýeňijileriň arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanandygyny aýtdy. 2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Ol birinji sylaga şu ýylyň 15-nji ýanwarynda arassa ganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp bol

TOPLUMDA JEMLEÝJI TAPGYR

2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olar bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň ajaýyp jemlemesine öwrüldi. Baýramçylygyň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, beýleki medeni çäreler geçirildi. Şol gün Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda geçirilen esasy dabaralara köpsanly ildeşlerimiz we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly hem-de heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleriniň jemleriniň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Syn ediş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlar

HALKYMYZYŇ MILLI GYMMATLYGY

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär.  Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 28-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi we sungaty» atly III halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ugurdaş mazmunly sergini synladylar. «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» diýlip atlandyrylýan bu sergide milli gymmatlyklarymyza uly orun berildi. Soňra «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi taryhy, medeniýeti we sungaty» atly III halkara ylmy maslahaty Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, alymlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hususy itşynaslar çykyşlaryny dowam edip, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrüle

ALABAÝYŇ WASPY SUNGATDA

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen türkmen alabaýlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi açyldy. Sergä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler, itşynaslar şeýle hem türkmen alabaýlarynyň çyn muşdaklary gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly,

HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ» III MEJLISI GEÇIRILDI

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli miraslarymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarymyzyň şöhraty bu günki gün bütin dünýä ýaň salýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen III mejlise Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, fotosuratlaryň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Soňra III mejlisiň gün t

Halkara Bäsleşigiň II tapgyry

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap binalar toplumynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry guramaçylykly geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrynda emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan,  Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky, şeýle-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen alabaýy» merkezlerinde ösdürilip ýetişdirilen alabaýlaryň 20-si gatnaşdyryldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, emin agzalary alabaýlaryň daşky syn-sypatyna, meýdançada özüni alyp barşyna, eýesi tarapyndan berilýän buýruklary erkin we takyk ýerine ýetirişine, şeýle hem bellenilen ugur boýunça päsgelçiliklerden geçip bilmek ukybyna, işjeňligine baha berdiler. Şeýlelikde, jemleýji tapgyra 10 sany türkmen alabaýy seçilip alyndy. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen hormatly ady hem-de göçme kubogy almak ugrundaky jemleýji bäsleşik 29-njy oktýabrda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy dabaralaryň guralýan ýeri bolan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Toplumynda geçiriler.

BÄSLEŞIGIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan itşynaslygyň şöhratly milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenleriň wepaly dostlaryna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň hatarynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik aýratyn orny eýeleýär. Bu köpöwüşginli bäsleşigiň maksady türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek bilen baglanyşykly işleriň ylmy esasda kämilleşdirilmegine, milletiň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen itleriň bu tohumyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir. Bäsleşige gatnaşyjylaryň 20-sinden jemleýji tapgyra 10-sy gatnaşmaga hukuk gazandy. Şu gün olar «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyna mynasyp bolmak ugrunda bäsleşdiler.  Beden gurluşy, daşky keşbi bilen haýran galdyrýan türkmen alabaýlary yzly-yzyna syn ediş meýdançasyna çykyp,eminler we tomaşaçylar üçin alabaýlaryň ady, ýaşy, nesil ugry baradaky maglumatlar aýdylýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlar belli bir nesil ugurlaryna degişlidir, olary synlan köp sanly janköýerler alabaýlara mahsus bolan aýratynlyklara baha bermäge mümkinçilik aldylar. It eýeleri uly buýsanç bilen öz wepaly hemralarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler. Alabaýlaryň beden gurluşy kämil

Halkara Bäsleşigiň II tapgyry geçirildi

Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli türkmen alabaýlarynyň arasynda halkara bäsleşikler, tapgyrlaýyn esasda geçirilýär. Oktýabr aýynyň 26-na Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-e golaý alabaýdan duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi şeýle hem bellenen päsgelçiliklerden birkemsiz geçip tapawutlananlaryň 20-si gatnaşdy. Halkara bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan türkmen alabaýlary gözden geçirilip, weterinar lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýlary barlanyp, olara kepilnamalar hem-de ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem türkmen alabaýlary bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen alabaýlary tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran dürli päsgelçiliklerden — geçmekleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy bell

HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ» II MEJLISI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyna, naýbaşy gymmatlyklaryna sarpa günsaýyn artýar. Pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürip, terbiýeläp kemala getiren milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýlarydyr. Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli miraslarymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarymyzyň şöhraty bu günki gün bütin dünýä ýaň salýar. Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilmegi hem bu wepaly jandara goýulýan belent sarpanyň nyşany bolup äleme dolýar. Baýramçylygyň çäklerinde däp bolşy ýaly 29-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi.     Foruma ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Halkara assosiasiýanyň agzalary sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar.

TÜRKMEN ALABAÝYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär. Birnäçe gün bäri bolsa Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäreler maslahatlaryň geçirilmegi dowam edýär. Şeýle maslahatlaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi we sungaty» atly II halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata  gatnaşyjylar ilki bilen ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ugurdaş mazmunly sergini synladylar. «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» diýlip atlandyrylýan bu sergide milli gymmatlyklarymyza uly orun berildi. Soňra «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi taryhy, medeniýeti we sungaty» atly II halkara ylmy maslahaty Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, alymlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hususy itşynaslar çykyş edip, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň öz aýratynlyklary boýunça dünýäde giň

MILLILIGIŇ WASPY SUNGATDA

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen alabaý itleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi açyldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki  wagtda haly  gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly, awtorlar milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň dürl

DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN NAGYŞLAR

2022-nji ýylyň 26–28-nji ýanwary aralygynda paýtagtymyzda «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gym-matlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy amaly maslahat we onuň bilen ugurdaşlykda guralan sergi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Forumyň açylyş dabarasy milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de «tazy guýruk», «it ýatak», «güjük yzy» ýaly gadymy   göllere bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen badalga aldy. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň etnografik ekspozisiýalary, dürli döredijilik mekdepleriniň çeperçilik ugruny  aýdyňlygy bilen açyp görkezýän  küýzegärçilik sungatynyň nusgalaryny, kilimler, haly we haly önümlerini, zergärçilik şaý-sepleri öz içine alýan amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Guramaçylykly sergide Arkadag Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi. Ýörite meýdançalarda saýlama türkmen alabaý itleriniň görkezilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Alabaýlaryň görkezme çykyşlarydabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.

«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ WASPY» ATLY HOŞALLYK MASLAHATY

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Arkadag Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we ol ýerde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary  tarapyndan  Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen  türkmen  alabaýyna at dakyp bermek Arkadag Prezidentimizden haýyş edildi. Arkadag Prezidentimiz täze doglan alabaýy synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan behişdi ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Olar  türkmeniň sazlaşyk, gözellik,  maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini emele getirýär.    Arkadag Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy. Arkadag   Prezidentimiz «Goý,   bu   alabaý   ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň  täze  eýýamynyň  batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuw

Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi

2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde milli Liderimiziň Türkmenistanyň  Ministrler   Kabinetiniň we Döwlet  howpsuzlyk  Geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde türkmen alabaýynyň we onuň durmuşymyzda eýeleýän ornunyň ähmiýeti barada ýörite durup geçmek bilen, «Ata-babalarymyz bedewlerimizde öz arzuw isleglerinidir maksatlaryny, milli seçginiň ajaýyp netijesi bolan alabaýlarda    bolsa    bagtyýarlygyny görendigini, şoňa görä-de, halkymyzyň «It geldi – gut (bagt) geldi»  nakylyny   döredendigini  nygtamagy   ähli   halkymyzy buýsandyrdy. Çünki milli Liderimiziň hem belleýşi ýaly, türkmen alabaýlary halkymyzyň esasy ynsanlyk kadalaryny – batyrlygy, mertligi, wepalylygy we sabyrlylygy aňladýar.Şeýle-de  döwlet  Baştutanymyzyň adamyň dünýä inende, ony gurşap alan dürli närseleriň arasynda itleriň ynsanda hoşniýetli duýgulary döredendigi baradaky gadymy rowaýaty gürrüň bermegi, şeýle hem rowaýatlaryň tötänden döremeýändigine ünsi çekmegi, wepaly mert alabaýlaryň ynsanyň iň ýakyn dostuna öwrülmeginiň kökleriniň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny aýan etdi. Mundan başga-da, milli Liderimiziň alabaýlaryň milli buýsanjymyzdygyny, baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidigini, ata-babalarymyzyň döreden milli baýlygydygyny, şoňa g