Arkadagyň beýik binalary — bagtyýarlyk nyşany

2 Awgust 2024
215

Ýaşaýşyň iň täsin tarapy dünýäde ähli zadyň özgerip, durmuşyň dynuwsyz ösýänligidir. Adamzat hem maddy tarapdan, hemem ruhy-aňyýet tarapdan hemişe gözlegde bolup, durmuşy özgertmek bilen uly taryhy ýoly geçipdir. Dünýä taryhynyň öçmejek sahypalarynda görnükli yz goýan türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk kuwwaty Garaşsyzlyk eýýamynyň ajaýyp maddy, ruhy keşbini ussatlyk bilen döretmegiň egsilmez çeşmesine öwrüldi.

Garaşsyzlygyň otuz üç ýyly gurmak, döretmek bilen dowam etdi. Şu döwürde tutuş ýurdumyzyň keşbi täzelendi, gözelleşdi. Binagärligiň özboluşly, baý tejribesi döredi. Häzirki zaman şähergurluşyk syýasaty ähli beýleki ugurlardaky ösüşlerimiz bilen birlikde, türkmen binagärliginiň üýtgeşik döredijilik ýolunyň kemala gelmegine şert döretdi.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.