Daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurdumyza islegi barha artýar

31 Iýul 2024
94

Soňky döwürde Türkmenistanda operatorlar tarapyndan berilen daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk bukjalarynyň sany, takmynan, 50% ýokarlandy. Bu barada «Голос СНГ» neşiri habar berdi. Degişli ösüş 2018 — 2020-nji ýyllara görä hasaba alyndy. Esasan hem taryhy ýerele toparlaýyn syýahatlara isleg bildirilýär.

Umuman aýdanyňda, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň hünärmenleriniň netijesine görä, syýahatçylyk boýunça Türkmenistan uly mümkinçilige eýe sebit hökmünde häsiýetlendirilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç ýaly ýerlere syýahatçylaryň uly gyzyklanmasy hem muny subut edýär.