«Arkadag» ýyldyzy — bagtyň ýyldyzy

10 Iýul 2024
193

Bu günki gün mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren bagtyýar zamanasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar.

Ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýy barha belende galýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlas-paýhasyndan kemal tapan döwrebap Arkadag şäheri bolsa eýýäm bir ýyldan gowrak wagt bäri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň ilkinji «akylly» şäheri hökmünde halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan bu döwrebap şäheriň ýakynda uludan baýram edilen bir ýyllyk dabaralary ähli raýatlarymyzyň ýüreklerini joşduran taryhy wakalaryň ýene biri bilen utgaşdy. Şol gün asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle hem teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy ýokary okuw mekdebimiziň ähli mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny çäksiz buýsandyrdy.

Täçnabat PAŞYKOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.